COVID-19: HRW Merkezi Aziýa hökümetleriniň hukuklara hormat goýmaýandygyny aýdýar

Almaty, barlag nokadynda duran polisiýa ofiserleri.

"COVID-19 barada maglumat bermegi başarman we bu baradaky maglumatlary basyp saklamak bilen, Türkmenistan we Täjigistan raýatlarynyň saglygyna uly howp salýar" diýip, HRW-nyň beýanynda aýdylýar.

Koronawirusdan ölenleriň global sany 183 müň adamdan geçdi, bu keseliň häzire çenli 2.6 milliondan gowrak adama ýokaşandygy tassyklandy. Täze dem alyş ýollary keseliniň ýaýramagyny haýallatmak üçin görülýän hökümet çäreleriniň dowam etdirilmegi köpçülikleýin bökdençiliklere sebäp bolýar.

AÝ/AR gepleşik berýän sebitlerindäki COVID-19 ýagdaýlaryna syn etmegini dowam etdirýär.

Merkezi Aziýa

Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasy merkezi aziýa hökümetleriniň koronawirus pandemiýasy bilen bagly görýän çärelerinde öz raýatlarynyň adam hukuklaryny hormatlamagy başarmaýandyklaryny aýdýar.

Hukuk toparynyň 23-nji aprelde çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň resmileri ýokanç keseliň ýaýramagyny çäklendirmek üçin "möhüm ädimleri" ädenlerinde, olary žurnalistleri, saglygy goraýyş işgärlerini we aktiwistleri nyşana almak üçin hem ulandylar, kämahal "esassyz we laýyk gelmeýändigi" belli bolan karantin çärelerini geçirdiler.

"COVID-19 barada takyk maglumat bermek bilen, merkezi aziýa hökümetleriniň ählisi raýatlarynyň saglyk babatyndaky hukuklaryny goramaga borçly bolup durýar" diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Hugh Williamson aýtdy.

"Adatdan daşary ýagdaý çäreleri görülýän mahaly we wirusa garşy geljekde görüljek çäreler wagtynda adam hukuklaryna hormat goýulmaly... Olar bu çäklendirmeleri habar bermäge ýa-da jemgyýetçiligi hukuklarynyň bozulmagyndan goramaga synanyşýan žurnalistleri, saglygy goraýyş işgärlerini we beýlekileri dymdyrmak üçin ulanmaly däldir" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

HRW Türkmenistanyň häkimiýetleriniň, Täjigistan häkimiýetleri bilen birlikde, heniz öz ýurtlarynda COVID-19 näsagynyň bardygyny ykrar etmezlik netijesinde, "ýurtda wirusyň mümkin bolan täsiri hakynda gürrüň edýän saglyk işgärlerini we beýlekileri susdurmaga çalşandygyny" aýdýar.

Beýanatda AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaýyň Täjigistanyň häkimiýetlerine, Saglyk ministrligine we beýleki edaralara COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly soraglara jogap bermekden boýun gaçyrandyklary üçin hat iberendigi hem bellenip geçilýär.

"COVID-19 barada maglumat bermegi başarman we bu baradaky maglumatlary basyp saklamak bilen, Türkmenistan we Täjigistan raýatlarynyň saglygyna uly howp salýar" diýip, HRW-nyň beýanynda aýdylýar.

23-nji aprelde sebitde hasaba alnan koronawirus keseliniň iň köp mukdary Gazagystanda boldy, 2207 adamyň synagy oňyn netije görkezdi we 20 adamyň bu dertden ölendigi tassyklandy.

Özbegistanda häkimiýetler tarapyndan habar berlen tassyklanan koronawirus hadysalarynyň iň soňky sanawy 1716 adamy öz içine alýar we bu keselden şu wagta çenli 7 adamyň ölendigi aýdylýar.

Gyrgyzystanda, 23-nji apreldäki maglumata görä, 631 koronawirus näsagy hasaba alnyp, bu sanlar ýogalan sekiz adamy hem öz içine alýar.

Özbegistan

32 million ilatly Merkezi Aziýa ýurdunda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe goldaw bermek üçin, Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň golaýynda 10 müň orunlyk ýokanç keseller hassahanasy gurulýar.

Taslama potratçysy “Enter Engineering” 22-nji aprelde Zangiota etrabyndaky lukmançylyk merkeziniň ilkinji tapgyrynyň maý aýynyň başynda resmi taýdan açyljakdygyny aýtdy.

"Bu desga wirus ýokaşan ýaşaýjylary bejermek we talap edilen halatynda daşary ýurtlardan öýlerine gaýdyp gelýän özbek raýatlaryny karantinde saklamak üçin niýetlenen" diýip, "Enter Engineering" kompaniýasynyň baş müdiri Şohruh Sattarow aýtdy.

Potratçynyň sözlerine görä, toplumyň galan bölegi ilkinji tapgyry açylanyndan soň bir aýyň dowamynda gurlup tamamlanar.

Özbegistanyň saglyk resmileri bu hassahananyň gurluşygyna mart aýynyň aýagynda, Hytaýyň Wuhan şäheriniň häkimiýetleriniň göreldesine eýerip başlandyklaryny aýtdylar.

Wuhan häkimiýetleri şu ýylyň başynda, iki hepdeden hem az wagt içinde, koronawirus hassalaryny bejermek üçin Huşenşan keselhanasyny gurdular.

"Enter Engineering" döwlet tabşyrygy esasynda amala aşyrylýan taslamanyň üstünde döwlet demirýol kompaniýasy bilen bilelikde işleýär.

23-nji aprelde Özbegistanda hasaba alnan koronawirus näsaglaryny sany 1716 adam bolup, bu dertden ýedi adam öldi.

Eýran

Koronawirus pandemiýasyndan iň agyr zyýan çeken ýurtlaryň biri bolan Eýranda häkimiýetler wirusyň ilkibaşda ýaýramagyna goşant goşandyr öýdülýän metjitleri we ybadathanalary ýapdylar.

Prezident Hasan Rohani käbir ýapylan ýerleriň 4-nji maýda açylyp bilinjekdigini aýtdy. Emma Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi eýýäm wirus sebäpli Remezan aýyndaky köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň gadagan edilip bilinjekdigini belledi.

Eýran bu wirusyň 86 müň töweregi adama ýokaşandygyny, ondan 5 müň 400-e golaý adamyň ölendigini habar berdi, ýöne tankytçylar maglumat akymynyň awtoritar režim tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýandygyny we daşary ýurt habar beriş serişdelerine girmegiň gadaganlygy sebäpli hakyky sanlaryň ep-esli köp bolup biljekdigini aýdýarlar.