Squire Patton Boggs şirketi maliýe dawalar boýunça sudda Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar berýär

Gurluşyk meýdany, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Halkara ýuridiki şirketi iki sany aýra-başga arbitraž işlerinde Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar berýär. "Squire Patton Boggs" şirketiniň 15-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, ol maýa goýumlar boýunça halkara dawalara seredýän halkara merkezinde (ICSID) "Lotus Holding Anonim Sirketi" we "Unionmatex" kompaniýalary tarapyndan Türkmenistana garşy gozgalan işlerine gatnaşypdyr.

Lotusyň işi boýunça geçen hepdede yglan edilen karara görä, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn inwestision ylalaşygyna hem Energetika hartiýasy ylalaşygyna laýyklykda türk inwestory "Lotus Holding Anonim Sirketi" tarapyndan Türkmenistana edilen dawany sud ret etdi diýlip maglumatda aýdylýar we türk kompaniýasynyň Aşgabatdan çak bilen 80 million ýewro golaý möçberde çeken zyýanynyň öwezini dolmagy talap edendigi habar berilýär.

Dawanyň şirketiň Türkmenistanda umumy bahasy 1,5 milliard dollarlyk iki sany elektrostansiýanyň we nebiti gaýtadan işleýji zawodyň gurluşygynyň üstünde bolandygy maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, "Squire Patton Boggs" şirketiň maglumatynda Türkmenistanyň "Lotus Holding Anonim Sirketi" bilen dawasyndaky gazanjynyň ýurduň halkara dawalara seredýän halkara merkezinde 2020-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda seredilen ýene bir işde gazanan üstünliginiň yzýanyna gabat gelendigi aýdylýar.

Habar berlişine görä, sud Türkmenistandan arz eden "Unionmatex" kompaniýasyny dawa seredilmeginiň dowam etdirilmegi üçin maliýe kepil hökmünde 3 million dollar möçberinde pul çykarmaga borçly edipdir. Bo dawa bolsa, türk kompaniýasynyň Türkmenistanda galla işleýän we çörek bişirýän kärhanalary gurmagyna degişli. "Unionmatex" Türkmenistandan 45 million ýewro möçberinde çeken zyýanynyň öwezini dolmagy talap edýär.

Soňky ýyllarda iri halkara kompaniýalaryň onlarçasy halkara atbitražyna ýüzlenip, Türkmenistana garşy iş gozgady. Olaryň arasynda Eýranyň milli gaz kompaniýasy, Orsýetiň "Gazprom" we "MTS" kompaniýalary, Belarusyň "Belgorhimprom" ýaly döwlet kompaniýalarynyň ençemesi bar.

Degişli maglumat Türk kompaniýasy türkmen hökümetini tölege ukypsyzlykda aýyplaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.