Aşgabatda häkimiýetler VPN hyzmatyny hödürleýänleri “awlaýar”

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň mobil telefonlarynda VPN üsti bilen ýurduň çäginde petiklenen saýtlardan maglumat almak we bermek mümkinçiliklerini çäklendirmek üçin nobatdaky basyş çärelerini güýçlendirdi.

17-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy soňky 2-3 gün bäri paýtagtyň bazarlarynda häkimiýetleriň ykjam telefonlara puluna VPN gurnamak hyzmatyny hödürleýän telefon ussahanalaryna, dükanlara we hyzmat ediş nokatlaryna reýd geçirýändigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şu wagta çenli şeýle çäreler Aşgabadyň bir lomaý söwda bazarynda, “Gülüstan” hem-de “Teke bazarynda” ýerleşýän telefon ussahanalarynda we hyzmat ediş nokatlarynda geçirildi.

“Başy ýönekeý meçew bilen başlanýar, dükana baryp öz ykjam telefonlaryna VPN gurnatmagy haýyş edýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňra kanun goraýjy edaralaryň işgärleri şahadatnamalaryny görkezip, VPN gurnaýan adamy saklaýarlar, dükany möhürleýärler.

Degişli maglumat Güýç edaralary käbir hojalyklara aýlanyp, raýatlaryň sim kartlaryny we telefonlaryny ýygnaýar

“Şu wagta çenli anyklan adamlarynyň ählisine 5 günden 15 gün güne çenli administratiw tussaglyk berdiler” diýip, habarçymyz aýtdy. Ol şeýle tussaglyk üçin adatça “bikanun telekeçilik” boýunça aýyplama bildirilýändigini sözüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleriniň VPN ussalaryna garşy bat beren täze göreşi, ýurtda petiklenen saýtlaryň sanawynyň giňeldilen wagtyna gabat gelýär.

Golaýda Türkmenistan ençeme daşary ýurt saýtlaryny, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Kesellere garşy göreş we öňüni alyş merkezleriniň hem-de Döwlet departamentiniň web-saýtlaryny, galyberse-de başga-da birnäçe habar çeşmelerini petikledi.

Häkimiýetleriň ýurt içinde maglumaty çäklendirmek synanyşyklary global koronawirus pandemiýasynyň dünýäde giňden ýaýramagynyň fonunda hem-de ýurtda dowam edýän azyk harytlarynyň gytçylygynyň arasynda täzeden güýçlenýär.

Maglumat elýeterliligine degişli petiklemelerden sowlup geçmek isleýän raýatlar VPN hyzmatlaryna isleg bildirýärler.

Golaýda turkmen.news neşiri döwlet telewideniýesinde efire berlen kadrlara salgylanyp, Türkmenistanyň bir ýokary okuw jaýynyň studentleriniň gatnaşan halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatynda azyndan bir türkmen talybynyň öz kompýuterinde Outline VPN hyzmatyndan peýdalanandygyna ünsi çekdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow kompýuteriň, telefonyň we planşetiň ‘zyýanlary’ barada ilkinji gezek aç-açan çykyş etdi. Indi näme bolar?

Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen häkimiýetleriniň VPN gurnaýan adamlara garşy Aşgabatda görýän çäreleri, administratiw tussaglyga höküm edilýän adamlaryň tussaglyk möhleti barada maglumat berdi.

“Eger-de tutulan adam ussahananyň, söwda ýa-da hyzmat ediş nokadynyň eýesi bolsa, oňa bu ýagdaý gaýtalansa, telekeçilik rugsatnamasyndan mahrum ediljekdigi duýdurylyp, dilhaty alynýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, VPN gurnamakda ele salnan adam dükanyň hakyna tutma işgäri bolsa, ol 15 gün tussag edilýär, dükanyň eýesinden bu işiň gaýtalanmajakdygy barada dilhaty alynýar, eger-de VPN-leri ussahananyň ýa-da dükanyň eýesi gurnaýan bolsa, ol 5-10 gün aralygynda tussaglykda saklanýar we olardan hem dilhaty alynýar.

“Bu iş üçin jenaýat işini hem gozgap bilýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Galyberse-de, häkimiýetler saklanan adamlardan smartfona VPN gurmak isleýän müşderileri barada maglumat bermegi, olaryň telefon belgilerini mälim etmegi talap edip, olara hyzmatdaşlyk hödürleýär.

Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleriň şol sanda Azatlyk Radiosynyň web-saýty ýapyk bolmagynda galýar. Bular bilen bir hatarda Facebook, Twitter, YouTube ýaly sosial ulgamlar, WhatsApp, Telegram ýaly messenjerler petikli saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.