COVID-19: Putin harby goşuny işe çekip biljekdigini aýdýar, Eýranda ölenleriň sany 4,500 adamdan aşdy

Jemagat hojalygynyň işgäri Moskwanyň köçelerinde dezinfeksiýa işlerini geçýär.

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 119,700 adamdan geçdi, onuň 1 million 920 müňden gowrak adama ýokaşandygy tassyklandy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak boýunça dowam edýän synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.

AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.

Russiýa

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin koronawirus bilen bagly ýagdaýyň “ýaramazlaşýandygyny” hem-de Russiýanyň bu krizisiň hötdesinden gelmek üçin Goranmak ministrligini işe çekip biljekdigini aýtdy.

Putin bu barada Russiýanyň koronawirus krizisine garşy göreş toparynyň ýurtda şu wagta çenli gündelik iň ýokary sany, 2,558 täze keseliň hasaba alnandygyny habar beren güni 13-nji aprelde çykyş etdi.

Iş toparynyň hasabatyna görä, tutuş ýurt boýunça häzirki wagtda 18,328 adamda koronawirus anyklandy, bu keselden heläk bolanlaryň sany 18 prosent ýokarlanyp, 148 adama ýetdi.

Russiýadaky we daşary ýurtlardaky tankytçylar resmi sanlara şübhe bildirýärler, olar saglyk resmileriniň sanlary azaldyp ýazýandygy çak edýärler.

Ýokary derejeli resmiler bilen geçiren hem-de döwlet telewideniýesinde efire berlen çykyşynda Putin “ýagdaý her gün diýen ýaly üýtgeýär we bu gynansak-da ýaramazlaşýar” diýdi.

COVID-19 bilen kesellänleriň sany artýar, “şol bir wagtyň özünde agyr kesel alamatlary bolan hassalaryň sany ýokarlanýar” diýip, rus lideri aýtdy.

Ol ýokanjy haýallatmak ugrundaky göreşde öňümizdäki birnäçe hepdäniň aýgytly boljakdygyny sözüne goşdy hem-de harby lukmançylyk işgärleriniň ýardamy ýaly kömekler bilen rus goşunynyň mundan soňky goşmaça çärelere gatnaşyp biljekdigini mälim etdi.

“Zerur bolsa, ähli mümkinçiliklerden, şol sanda Russiýanyň Goranmak ministrliginiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bolar” diýip, Putin aýtdy.

Degişli maglumat COVID-19: Russiýada keselleriň sany birden artýan wagty, Duma adatdan daşary ýagdaý hakyndaky kanun taslamasyny tassyklady

Premýer ministriň orunbasary Tatýana Golikowa rus prezidentine ýurt boýunça COVID-19 näsaglary üçin 40,000 krowadyň bardygyny we olaryň sanyny 95,000-e ýetirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Ýurtda koronawirusyň iň köp hasaba alnan ýeri bolan Moskwa we beýleki sebitleriň köpüsi tas iki hepde bäri gulp astyna alyndy.

Ýöne, rus resmileri täze koronawirus ýokuşan adamlaryň sanynyň “örän ýokarlanjakdygyny” duýdurdylar hem-de Moskwa sebitinde hassahanalaryň tiz wagtda dolup biljekdigini habar berdiler.

12-nji aprelde häkimiýetler keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin paýtagtda we onuň töwereginde Pasha baýramçylygy bilen bagly çäklendirmeleri yglan etdiler.

19-njy aprelde Pasha baýramçylygyny belleýän rus prawoslaw kilisesi baýramçylyga çenli mukaddes hepdäniň dowamynda ybadathanalaryň gapylarynyň köp adamly toparlar üçin ýapylmagyny buýruk berdi.

Eýran

Eýranyň Saglyk ministrligi ýurtda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýene 111 adamyň ölendigini habar berdi we ölenleriň umumy sany 4,585 adama ýetdi.

13-nji aprelde Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur Ýakyn Gündogaryň iň agyr zyýan çeken bu ýurdunda koronawirus ýokuşanlaryň sanynyň 73,303 adama ýetendigini hem-de soňky bir gijede 1,617 täze keseliň hasaba alnandygyny habar berdi.

Jahanpur koronawirusa ýoluganlardan 3,877 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Eýranly we halkara hünärmenleriň köpüsi ýurtda kesel ýokuşan adamlaryň hakyky sanynyň eýran resmileriniň habar berişinden has köpdügini çaklaýar.

Bolgariýa

Bolgariýanyň prokurorlary adamlary koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga niýetlenen çäreleri bozmaga eden çagyryşlary üçin milletçi Hüjüm partiýasynyň ýolbaşçysynyň garşysyna derňew işini gozgady.

13-nji aprelde Sofiýa etrap prokuraturasy Wolen Siderowyň “täze koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly saglyk ministriniň buýrugyny bozmaga gaýta-gaýta çagyryş edip” adamlary jenaýata öjükdirmekde güman edilýändigini aýtdy.

Beýleki çagyryşlar bilen bir hatarda Siderow 12-nji aprelde teleýaýlymda eden çykyşynda bolgar halkyny sosial aralyga degişli çärelere üns bermezlige hem-de Pasha baýramçylygynda maska geýmezlige çagyrdy.

Şeýle-de, sülçiler Hüjümiň metbugat beýanatyna salgylandylar. Beýanatda partiýa ýolbaşçylary Hudaýyň ýurtdaky koronawirus epidemiýasyna gaýtawul çärelerine ýolbaşçylyk edýän topar ýolbaşçysyndan has güýçlüdigini “subut etmek üçin” 19-njy aprelde adamlary prawoslaw Pasha baýramçylygy mynasybetli çärelere gatnaşmaga gönüden-göni çagyryş etdiler.

COVID-19 sebäpli Bolgariýada 13-nji aprelden bäri adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ähli mekdepler, uniwersitetler, çagalar baglary, çäreler we azyk dükanlaryndan başga ähli dükanlar ýapyldy, şeýle-de seýilgählerde gezelenç etmek hem gadagan edildi.

12-nji aprelden başlap ähli ýapyk we açyk köpçülik ýerlerinde ýüz maskasyny geýmeklik hökmanydyr.

Kiliseleriň açyk galýandygyna garamazdan, häkimiýetler adamlara öýde galmagy berk duýdurdy.

Degişli maglumat COVID-19: Russiýa serhetlerini ýapýar, Serbiýa $5.5 millard möçberinde ykdysady ýardam meýilleşdirýär

Geçmişde ksenofob sözleri we dürli dildüwşük teoriýalary bilen jedel döreden Siderow Bolgariýada, resmi sanlara görä, 676 adama ýokaşan hem-de 31 adamyň ölümine getiren koronawirus keselini äsgermezçilik edip gelýär.

Mart aýynyň ortalarynda ol Hüjüm partiýasynyň telekanalynda eden çykyşynda özüniň koronawirusa garşy derman öndürmek işerine gatnaşandygyny aýtdy hem-de pandemiýany “dünýäni we ykdysady tertibi täzeden üýtgedip gurmak üçin döredilen dünýä histeriýasy” diýip häsiýetlendirdi.

Hüjüm premýer ministr Boris Borisowyň GERB partiýasynyň ýolbaşçylyk edýän hökümeti bilen hyzmatdaşdyr hem-de “Birleşen Watansöýerler” bileleşiginiň bir bölegidir. Siderowyň partiýasynyň parlamentde alty agzasy bar hem-de ol adatça Russiýa goldaw bildirip gelýär hem-de Ýewropa Bileleşigine we NATO ýaranlygyna garşy çykyş edip gelýär.

GERB-iň metbugat merkezi öz koalasiýa hyzmatdaşynyň özüni alyp barşyny teswirlemekden ýüz öwürdi.

Siderowa garşy gozgalan derňew işinden başga, 13-nji aprelde Içeri işler ministrligi premýer ministriň orunbasary hem-de goranmak ministri Krasimir Karakaçanowa garşy derňew işiniň gozgalandygyny mälim etdi. Ol bir suratda öz garamagyndaky bir adam bilen Sofiýanyň Iwan Wazow adyndaky Milli teatrynyň ýanyndaky bir oturgyçda maskasyz görüldi.

Gürrüňi edilýän surat sosial mediada köp üns çekdi. Köp sanly ulanyjy hökmany çäreleri ýerine ýetirmändigi üçin Karakaçanowa jerime töledilmegine çagyryş etdi.

Şu güne çenli Bolgariýanyň Içeri işler ministrligi karantin çärelerine boýun bolmazlyk hem-de seýilgählere we baglara girmek ýaly jemi 2,780 sany düzgün bozma hasaba aldy.

Serbiýa

Serb häkimiýetleri ol ýerde 144 adama koronawirus ýokuşan döwlet eýeçiligindäki ilata durmuş taýdan hyzmat ediş merkeziniň müdirini tussag etdi.

Şahsyýeti at familiýasynyň baş harplary M.S. bilen görkezilýän bu erkek adam “jemgyýetçilik saglygyna howp salmakda” hem-de kesel ýaýratmakda aýyplanýar diýip, 13-nji aprelde Içeri işler ministrligi aýtdy.

Günorta Nis şäherinde ýerleşýän Gerontologiýa merkeziniň müdiri “koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin degişli çäreleri görmezlikde” aýyplanýar diýip, polisiýanyň beýanatynda aýdyldy.

Munuň netijesinde, Garrylar öýünde ýaşaýan 140 adama hem-de 4 işgäre koronawirusa ýokaşdy diýip, maglumatyň üsti ýetirilýär.

Resmiler müdiriň gezelenç etmek we garrylar öýüne adamlaryň baryp görmegi ýaly düzgün bozmalara ýol berendigini hem-de öz idegindäki adamlarda ýüze çykan kesel alamatlaryny gizlemäge synanyşandygyny aýtdylar.

Degişli maglumat Sanlaryň näme üçin koronawirus pendemiýasynyň hakyky ýagdaýyny görkezmeýän bolmagynyň sebäpleri

Bu Garrylar öýünde 256 ýaşaýjy we 77 işgär bar. 13-nji aprelde bu ýere harbylar we polisiýa ofiserleri garawullyk edip, desgany karantin astyna aldylar, koronawirus hassalary Nisiň Klinika merkezine ewakuasiýa edildi.

Güman edilýän günäli tapylsa onuň 12 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilmegi mümkin.

Resmi maglumatlara görä, Serbiýada jemi 4,054 adama, şol sanda onlarça medisina işgärine wirus sebäpli döreýän COVID-19 ýokaşdy. Bu keselden şu wagta çenli 85 adam heläk boldy.

Belarus

Döwlet mediasynyň habaryna görä, soňky görkezen garşylygynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýene-de ýurtda koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga degişli çäreleriň zerurlygyny ret edip, Belarusda koronawirusdan hiç kimiň ölmejekdigini aýtdy.

“Biziň ýurdumyzda koronawirusdan hiç kim ölmez. Men muny aç-açan yglan edýärin” diýip 13-nji aprelde BelTA döwlet agentligi Lukaşenkonyň sözlerini getirdi.

Bu aralykda, Saglyk ministrligi COVID-19 bilen keselländigi tassyk bolan 2,919 näsag barada habar berdi, 29 adam aradan çykdy.

Ýöne Lukaşenko bu ölümleriň ýürek keseli we süýji keseli ýaly esasy saglyk problemalarynyň netijesidigini aýtdy.

“Şonuň üçin, men ýekeje-de adamyň arassa koronawirusdan ölmändigini aýdýaryn” diýip, ol belledi.

Lukaşenko bu sözleri Bütindünýä Saglyk Guramasynyň keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Belarusy has köp iş etmäge çagyrmagyndan, ýogsa-da infeksiýalaryň sanynyň “çalt ýokarlanmagy” bilen ýüzbe-ýüz bolmagy duýdurmagyndan iki gün soň aýtdy.

Belarus lideri mundan ozal COVID-19 baradaky global aladalaryň üstünden “köpçülikleýin psihoz” diýip gülüpdi.

Degişli maglumat COVID-19-yň möwjemegi bilen, Mirziýoýew MA liderleri bilen gatnaşykda öňe saýlanýar

Pandemiýanyň öňüni almak üçin berk çäklendirmeleri girizen beýleki ýewropa ýurtlaryndan düýpgöter tapawutlylykda Belarus serhetlerini açyk saklady we milli ligada futbol duşuşyklarynyň tomaşaçylaryň öňünde oýnalmagyna rugsat berdi.

19-njy aprelde geçiriljek prawoslaw pasha baýramçylygynyň öňýany kiliseler hem açyk bolmagynda galýar.

Şeýle-de bolsa, Saglyk ministrligi raýatlary sosial aragatnaşyklary azaltmaga çagyrdy.

11-nji aprelde Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Belarusdaky missiýasynyň ýolbaşçysy Patrik O’Konnor ýurtda “ýokaşma hadysalarynyň çalt artýandygyny görkezýän subutnamalaryň bardygyny” aýtdy.

“Keselleriň sanynyň her iki-üç günden iki esse köpelmegi köpçülikleýin ýokançlygyň başlandygyny görkezýär” diýip, O’Konnor Miskde žurnalistlere aýtdy.

Bu ýagdaý “täze çäreleri talap edýär” diýip, ol aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.