Türkmen prezidenti koronawirusa garşy wagtynda çäre görendigini Türki geňeşiň agzalaryna aýtdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki geňeşiň gatnaşyjylaryna Türkmenistanda koronawirusa garşy görülýän çäreler barada habar berdi.

Türkmen prezidenti 10-njy aprelde wideo konferensiýa görnüşinde geçirlen bu maslahatda COVID-19 wirusynyň ýaýramagyna garşy wagtynda çäre görlendigini we ýurtda sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň durnukly bolup, gözegçilik astyndadygyny öňe sürdi.

Prezident Berdimuhamedow ýurduň tutuş saglygy saklaýyş pudagynyň täze howpa garşy mobilizlenendigini, keselhanalaryň ähli zerurlyklar bilen üpjün edilendigini, ýurtda ählitaraplaýyn sanitariýa gözegçiliginiň edilýändigini we ilaty koronawirus barada habarly etmek boýunça giň derejede iş geçirilýändigini aýtdy.

Prezidentiň türki dilli döwletleriň liderleriniň öňünde eden bu çykyşy Türkmenistanda koronawirus barada maglumatlaryň berk çäklendirilýän döwrüne, lukmanlara bu kesel barada geplemek gadagan edilip, ilatyň koronawirus sözüni agzamagy üçin yzarlanýan wagtyna gabat geldi.

Üstesine, BSG-nyň köpçülige çykmazlyk rekomendasiýasyna garamazdan Türkmenistan toý-tomaşa geçirmegini dowam etdirýär. 7-nji aprelde ýurtda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Mundan başga serhetleriň ýapylmagynyň netijesinde ýurt raýatlarynyň ençemesi daşary ýurtlarda hökümet tarapyndan ýardam berilmezden çykgynsyz ýagdaýda galdy.