Gümrük gullugynyň ozalky ofiseri öňki başlygynyň žurnalisti 'öli ýa diri' getirmegi buýrandygyny aýdýar

Emilbek Kimsanow we Raimbek Matraimow

Gyrgyz gümrük gullugynyň ozalky ofiseri ozalky başlygynyň özünden AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň bir žurnalistini yzyna, Gyrgyzystana “öli ýa diri” alyp gelmegi talap edendigini aýdýar.

Emilbek Kimsanow bu beýanaty feýsbukda 10-njy aprelde öz aýaly Maria Zavorotnyaya tarapyndan çap edilen, haçan ýazgy edilendigi görkezilmedik wideoda etdi.

Kimsanow bu wideoda Gyrgyzystanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Raimbek Matraimowyň özüne AÝ/AR-nyň Pragadaky žurnalisti Ali Toktakunowyň aragatnaşyk maglumatlaryny iberip, birneçe adam bilen ony “öli ýa diri” alyp gelmegi buýrandygyny aýdýar.

Matraimow bu wideo barada düşündiriş almak üçin eleýeterli bolmady.

Toktakunow AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we Korrupsiýa maglumatlaryny berýän proýektiň (OCCRP), gyrgyz habar saýty “Kloopyň” bilelekde geçiren deňewiniň öňdebaryjy žurnalisti boldy.