Türkmen görnüşleri - 14-nji hepde

Aşgabat. Çagasy bilen ýanýoldan ýöräp gelýän ene. Mart, 2020.

Aşgabat. Ýaşaýyş jaýynyň işiginde goýlan agaç önümleri. Mart, 2020.

Aşgabat. Ak mermerli jaýlaryň arasynda esasan ak maşynlaryň goýulýan awtoulag duralgasynda welosipedli gezim edýän adam. Mart, 2020.

Aşgabadyň köplenç boşlaw görünýän köçeleriniň birinde awtobusa garaşýan ýolagçylar. Mart. 2020.

Mekdepden gelýän gyzlar köçeden geçmek üçin garaşyp durlar. Aşgabat, mart, 2020.
 

Protokol köçleriň golaýyndaky jaýlardan başga ýerde häkimiýetler aşgabatlylara ýuwan eşiklerini daşarda sermezligi öwredip bilmediler.  Mart, 2020.

Aşgabat. Türkmen paýtagtynda geçegçiler üçin howp döredýän agzy açyk lagym çukurlary adamlary kän geň galdyrmaýar. Mart, 2020.
 

Aşgabat. Gök önüm dükanynyň satyjysy harytlaryny tertipleşdirýär. Mart, 2020.

Türkmenistan. Paýtagt Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan üsti ýapyk köprüleriň biri. Mart, 2020.

Aşgabatdaky magtymguly teatry. Türkmenistanda teatrlar azat bazar ytkdysadyýeti şertlerinde hem esasan döwlet serişdeleriniň hasabyna işleýärler. Sebäbi oýun goýujylar tomaşaçy çekjek oýunlara derek, sowet döwründäki ýaly, döwlet ideologiýasyna gabat gelýän ýa-da adamlary kän gyzyklandyrmaýan oýunlary sahnalaşdyrmaly bolýbarlar.

Türkmenistanda polisiýanyň awtoulag sürüjilerini islän ýerinde, düzgün bozsa-bozmasa saklap, dokument barlamagy adaty zada öwrüldi. Aşgabat, mart, 2020.