“Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň jogapkärçiligi öz üstüne alan hüjüminde ABŞ-nyň Owganystandaky harby bazasyna birnäçe raketa atyldy.
9-nji aprelde irden demirgazyk Kabuldaky Bagram Howa bazasyna bäş raketa atyldy, “ýitgi ýa-da ýaralanan ýok” diýip, missiýa Twitterde aýtdy.
Uruşdan ejir çeken ýurtdaky iň uly amerikan harby bazasynyň, Bagramyň ýerleşýän ýeri bolan Parwan welaýatynyň owgan howpsuzlyk resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda raketalaryň ulagdan atylandygyny aýtdy.
YD topary beýanatda öz söweşijileriniň bazada dikuçar gonuş nokadyny nyşana alandygyny aýtdy.
“Talybanyň” metbugat wekili hüjümiň arkasynda öz toparlarynyň ýokdugyny aýtdy.
Fewral aýynda “Talybanyň” söweşijileri we Birleşen Ştatlary “Talybanyň” howpsuzlyk kepillikleriniň öwezine Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlaryň ýurtdan çekilmegi babatynda ylalaşyga bardy, ýöne ylalaşyk “Yslam döwleti” söweşijilerini öz içine almaýar.
YD toparynyň owgan şahamçasy 2014-nji ýylda gündogar Owganystanda peýda boldy we şondan bäri beýleki sebitlere, hususan-da demirgazyga aralaşyp gelýär. ABŞ goşuny tarapyndan sany 2,000-e golaý hasaplanýan YD jeňçileri halkara we owgan hökümet güýçlerine hem-de “Talybana” garşy söweşýär.