Ýurtdaky hereket çäklendirmeleri Lebapdan Aşgabada gizlin gatnaýan taksileriň peýda bolmagyna getirdi

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen girizilen hereket çäklendirmelerinden “girdeji çeşmesi” hökmünde peýdalanýanlar barada habarlar gelip gowuşýar.

Welaýatlaryň arasynda awto ulag gatnawy hem-de raýatlaryň hereketi 20-nji martdan başlap, näbelli möhlete çenli çäklendirildi. Bu çäklendirmeler öz güýjüni saklaýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan Aşgabada gizlin gatnaýan taksiler barada habar berýär.

“Koronawirusyň ýokdugy aýdylsa-da welaýatlaryň arasynda hereket ýapyk bolmagynda galýar. Lebapdan Aşgabada gatnaýan gizlin taksiler peýda boldy. Bir adama ýol nyrhy 1200 manat” diýip, habarçy aýdýar.

Habarçynyň tassyklamagyna görä, gizlin taksiler adam gatnatmak üçin Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýollardaky gözegçilik nokatlaryndan gijelerine sowlup geçýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri mundan ozal türkmen polisiýasynda, şol sanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň arasynda “endemik häsiýetli giň ýaýran para medeniýeti” barada habar beripdiler.

Degişli maglumat Türkmenistan COVID-19 garşy göreş üçin $1 million alar, emma ilata maska dakynmagy gadagan edýär we sport çärelerini gurnaýar

Welaýatlaryň arasynda koronawirus sebäpli girizilen hereket tertbiniň çäginde bir welaýatdan başga welaýata gidip-gelýän adamlaryň hereketine Türkmenistanyň Içeri işleri ministrligi gözegçilik edýär. Wagtlaýyn düzgüne laýyklykda, raýatlara welaýatlaryň arasynda diňe gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda hem-de saglyk kepilnamasy bilen hereket etmäge rugsat berilýär.

Habarçymyz Aşgabada barmak üçin welaýat ýaşaýjylaryndan talap edilýän resminamalar barada habar berýär.

“Raýatlar paýtagta resminama düzedip barmaly” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabada barmak üçin adamlar dem alyş ýollary, inçekesel, gan seljermeleri, allergiýa, gulak-burun we ruhy saglyk boýunça saglyk kepilnamasyny almaly, şeýle-de polisiýanyň ilalty hasaba alyş boýunça ýerli bölüminden, “pasport stoldan” rugsatnama almaly. Bu resminamalaryň esasynda Aşgabatdan welaýatlara Çakylyk haty ugradylýar hem-de şol hatyň esasynda welaýat ýaşaýjylaryna uçara ýa-da otla bilet satyn almaga rugsat berilýär.

“Bu dokumentler üçin ýurduň graždanlary 2000 manat töwereginde çykdajy etmeli bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Beýleki tarapdan, gizlin taksilerde Aşgabada barýan raýatlar 1200 manat çykdajy bilen töwekgelçilige boýun bolýar.

“Saglyk işgärleri ‘gowy gazanç’ edýärler, goşa dyrnak içinde” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda koronawirusa garşy göreş bat alýar

Global pandemiýanyň fonunda Türkmenistanyň saglyk pudagynyň işgärleriniň oňa garşy göreşde duçar bolýan töwekgelçilikleri we kynçylyklary barada, olaryň iş şertleri, olar üçin ýörite lukmançylyk eşikleriniň üpjünçiligi barada döwlet media we metbugat serişdeleri habar bermeýär.

Koronawirusdan ejir çekýän ýurtlarda saglyk pudagynyň işgärleri hem degişli hökümetler tarapyndan, hem-de halk tarapyndan gahryman yglan edilýär, olaryň wirusa garşy göreşde, adamlary halas etmekde bitirýän işläri giň goldawa eýe bolýar.

COVID-19 häzirki wagtda dünýäniň 184 ýurdunda hasaba alyndy. Bütindünýä Saglyk Guramasy türkmen hökümetiniň hasabatlaryna salgylanyp, Türkmenistanda koronawirus keselini resmi derejede heniz hasaba almady.

Türkmenistan ýurtda koronawirusy inkär edýän wagty, oňa garşy dürli çäreleri güýje girizdi, ýöne şol bir wagtyň özünde köp adamly jemgyýetçilik çärelerini geçirmäge dowam etdi.

7-nji aprelde türkmen hökümeti 3500 adamyň gatnaşmagynda paýtagt Aşgabatda welosiped ýörişini gurnady. Ondan ozal häkimiýetler ýurt boýunça Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärelere, galyberse-de “nahal” ekmek çärelerine köp adam çekdi.

Degişli maglumat “Her ýyl millionlap bag ekilýän bolsa, Türkmenistan häzir Şweýsariýa bolmaly”

Bütindünýä Saglyk Guramasy koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin adamlaryň arasynda azyndan 1 metr fiziki aralygyň saklanmagyny maslahat berýär, ençeme ýurtda bu saglyk krizisi bilen baglylykda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, adamlaryň köçä çykmagy çäklendirildi, mekdepler ýatyryldy, okuwlar onlaýn usula geçdi hem-de köp sanly iş ýerleri menzilara iş tertibini ýola goýdy.

Baryp fewralyň başynda halkara uçar gatnawlaryny çäklendiren, döwlet serhetlerini ýapan hem-de mart aýynda welaýatlaryň arasynda hereketi çäklendiren türkmen häkimiýetleri wirusa garşy, başyndan bäri esasan ýüzärlik we ylmy taýdan subut edilmedik beýleki tebipçilik emleri bilen göreşmegi saýlap aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.