Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, Russiýa bilen Saud Arabystany çig nebit önümçiligini azaltmak barada ylalaşyk gazanyp bilmese, nebit importlaryna tarifleri “bütinleý” girizjekdigini aýtdy.
“Eger olar özarasynda düşünişmese, men muny ederin. Örän möhüm tarifler. Muny düýbünden ederdim " diýip, Tramp 5-nji aprelde geçiren metbugat ýygnagynda, nebit önümçiligi boýunça dünýäde birinji orunda durýan, Birleşen Ştatlaryň nebit pudagyny goramak isleýändigini hem belledi.
Bu tarifler Birleşen Ştatlara nebit eksport edýän iň esasy ýurtlaryň arasynda bolan Saud Arabystanyna we Russiýa zyýan ýetirer.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýäde nebite bolan talap takmynan 20 million barrele ýa-da bäşden bir bölege çenli azaldy. Bu soňky 20 ýyla golaý wagtda nebitiň bahasynyň iň pes derejä aşaklamagyna getirdi.
Resmileriň we analitikleriň aýtmagyna görä, bahalaryň birden peselmegi Birleşen Ştatlaryň has gymmat nebit öndürijileriniň bankrot bolmagyna, ýagny batmagyna we bu pudak bilen baglanyşykly müňlerçe amerikan iş ýeriniň ýok bolmagyna howp abandyrýar.
Tramp Saud Arabystany bilen Russiýanyň arasyndaky önümçiligi azaltmak baradaky ylalaşygy çözmäge araçylyk etmäge synanyşýar. Nebit önümçiligi boýunça dünýäde ikinji we üçünji orunda durýan Saud Arabystany bilen Russiýanyň arasyndaky ylalaşyk geçen aý bozulypdy.
Moskwa Saud Arabystanynyň OPEK+ önümçiligini günde 1,5 million barrele çenli azaltmak baradaky teklibini ret edensoň, 7-nji martda Riýad nebit önümçiligini günde 12 million barrelden gowraga çenli ýokarlandyrjakdygyny mälim etdi.
Nebit öndürýän 23 döwletiň bileleşigi bolan OPEK+ ýaranlygyna Saud Arabystany we Russiýa ýolbaşçylyk edýär.
Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky nyrh söweşi, dünýä ýurtlarynyň karantin girizmegi netijesinde global talabyň görlüp-eşidilmedik derejesinde weýran bolmagyndan ejir çeken nebit bazaryna basyşy artdyrdy.
Tramp Russiýanyň we Saud Arabystanynyň liderleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň yzýany, 2-nji aprelde ýazan tweetinde iki ýurduň nebit önümçiligini günde azyndan 10 million barrele çenli azaltjakdygyny mälim etdi. Analitikleriň pikiriçe, Tramp diňe iki ýurt däl-de, OPEK+ tarapyndan azaldylanlary göz öňünde tutýar.
Trampyň paýlaşan bu tweetinden gysga wagt soň, Saud Arabystany OPEK+ birleşiginiň agzalary bilen 6-njy aprelde adatdan daşary ýygnagy geçirmäge çagyrdy. Ýöne Riýad bilen Moskwa nyrh söweşine kimiň sebäp bolandygy barada "tikenli" pikir alyşandan soň, bu ýygnak 9-njy aprele yza süýşürildi.
Russiýa Birleşen Ştatlary öz içine alýan önümçiligi azaltmak baradaky global şertnamanyň çäginde nebit önümçiligini günde 1 million barrel azaltmaga taýýardygyny aýtdy.
Nebit pudagy esasan döwlet eýeçiliginde durýan Russiýadan we Saud Arabystanyndan tapawutlylykda, Birleşen Ştatlaryň bu senagaty hususy kompaniýalardan düzülýär we Waşington onuň önümçiligine örän az täsir ýetirip bilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.