Basym Türkmenistanyň bazarlarynda täze bir tämizlik serişdesi, “Taç hil” kompaniýasynyň ýüzärlik dänesiniň garylmagynda öndürýän suwuk sabyny satylmaga başlar.
Türkmen prezidentiniň we TDH-nyň dekabrdan bäri dünýä metbugatynda esasy söze öwrülen koronowirusy ilkinji gezek giňden ulanyp başlan gününe gabat gelen täzelik 3-nji aprelde hökümete tarapdar “Turkmenportal” neşirinde, “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berildi.
Habarda “Taç hiliň” öndürjek täze, ýüzärlik garyndyly sabynynyň degişli dokumentleri alandygy we basym önümçilige giriziljekdigi, onuň diňe içerki bazarlarda däl, daşarky bazarlarda hem alyjysyny tapmak ähtimallygy habar berilýär.
Türkmenistanda halk tebipçilik usullary, çarwaçylyk däpleri esasynda palçylara, her dürli köne yrym-ýorumlara ynanmak ýurtdaky agyr ykdysady krizis döwründe has güýçlendi diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.
Mundan başga, Türkmenistanda köplenç häzirki zaman medisinasynyň gazanan tejribelerine garşy goýulýan derman ot-çöpler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly kitabynda giňden wagyz edilýär.
Hökümet başlygy dünýäniň köp ýurduny uly alada goýan pandemiýanyň fonunda, ony agzaman, öz kitabynda wagyz eden ýüzärlik emlerini 13-nji martda geçiren hökümet maslahatynda ýene bir gezek taryp etdi we ata-babalardan galan tejribeleri netijeli peýdalanmaga çagyrdy.
Şondan soň Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda ýüzärlik tütedip, ýokanç kesellere garşy barlyşyksyz göreş çäreleri başlandy.
Şol bir wagtda resmiler ýurtda hasaba alnan koronowirus näsagy barada habar bermeýärler.
RSF, Serhetsiz reportýorlar guramasy bu habarlaryň fonunda Türkmenistanyň “koronawirus” sözüni gadagan etmek bilen, öz raýatlaryny howp astynda goýandygyny aýtdy.