Darganata: Bankomatlardan bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän limit 100 manada getirildi

turkmenistan. video grab of a man leaving atm

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Darganata etrabynyň bankomatlarynda bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän puluň möçberiniň 100 manada getirilendigini habar berýär.

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen bankomatlardan gündelik nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän puluň möçberi häkimiýetler tarapyndan yzygiderli çäklendirildi.

Ýurduň dürli regionlarynda 2018-nji ýylyň fewralyna çenli bankomatlardaky nagt limiti 1000 manatdy, 2019-njy ýylyň noýaryna çenli bu mukdar 800 manada getirildi, şu ýylyň martynda Türkmenabadyň käbir bankomatlarynda gündelik limit 100-200 manada düşdi. Ýöne soňky üç ýyl bäri dürli döwürlerde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bankomatlardaky nagt limitleri barada dürli sanlar barada habar berip geldiler.

Degişli maglumat Oba ýaşaýjylary nagt puluň gözleginde Baýramala, Mara barýarlar

Türkmenistanyň maliýe resmileri, şeýle-de döwlet banklary yzygiderli üýtgeýän bankomatlardaky nagt limitleri boýunça resmi kanallar arakly ilata maglumat bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji aprelde beren maglumatynda, Darganata etrabynda bank kartlary arkaly amal edilýän nagt däl söwda üçin gündelik limitiň 80 manat möçberinde kesgitlenendigini habar berdi.

Ýurduň maliýe ulgamyndaky nagt çäklendirmeleriniň fonunda, habarçynyň malgumatlaryna görä, döwlet dükanlarynda we ýangyç guýujy beketlerde 25-30 prosent komissiýa bilen bikanun ýagdaýda adamlaryň bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak hyzmatyny hödürleýän taraplaryň üsti açylypdyr.

Habarçynyň sözlerine görä, bankomatlardaky gündelik limit hem-de nagt däl söwda bilen bagly täze girizilen çäklendirmeler üsti açylan bu ýagdaý bilen ilteşdirilýär.

“Ýöne adamlar bu çäklendirmeleriň nagt problemalary bilen baglydygyna düşünýärler” diýip, habarçymyz sözüne goşdy.

Nagt däl hasaplaşyk boýunça Aşgabadyň döwlet dükanlarynda girizilen täze çäklendirme barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary martyň ahyrynda habar berdiler.

Maglumata görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan çykarylan täze düzgün 28-nji martda güýje girdi. Oňa laýyklykda 48 sagadyň dowamynda türkmen banklaryndan berlen ýerli kartlar arkaly paýtagtyň döwlet dükanlaryndan diňe 80 manat möçberinde nagt däl söwda etmäge rugsat berilýär.

Degişli maglumat Maryda we Balkanabatda ilat kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýär

Şu günler Türkmenistanda pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalar ýurduň dürli regionlarynda dowam edýär.

2-nji aprelde Turkmen.news neşiri Daşogzuň merkezinde we etraplarynda bir aýdan gowrak wagt bäri ilatyň pul nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigini habar berdi.

Maglumata görä, bankomatlaryň öňündäki nobatlar ozalkysyndan has köp adamly, hem-de adamlar heniz geçen aý gazanan haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýär.

“Daşogzuň käbir banklarynda bankomatlaryň sany azaldyldy, kärhanalarda, hususan-da oba ýerlerinde olaryň hyzmatdy bes edildi” diýip, neşir ýazýar.

“Diňe belli-belli edaralarda – polisiýa bölüminde, prokuratura we MHM edaralarynda bankomatlara durnukly ýagdaýda we ýeterlik mukdarda pul salynýar” diýip, neşir habar berýär.

Ýurtda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak hem-de nagt däl hasaplaşyk bilen bagly çäklendirmeler soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizisiň yzýany, koronawirus global pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreleriň fonuda güýje girizilýär.

“Türkmenistan ykdysady krizisiň täze tapgyryna gadam basýar” diýip, turkmen.news ýazýar.

Hökümet resmileri we döwlet emeldarlary nagt hem-de nagt däl çäklendirmeler boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.