Dadaýewiň wezipesinden gidýändigi barada “Watan” habarlar gepleşiginiň 1-nji aprelde giçlik efire berlen sanynda mälim edildi.
Resmi maglumata görä, 1-nji aprelde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdirliginiň mejlisi geçirilip, onda guramaçylyk meselelerine garalyp, oňa laýyklykda Aleksandr Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli, ony Birleşigiň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyrylypdyr.
Şeýle-de, Birleşigiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek guramanyň başlygynyň orunbasary Döwran Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklenipdir.
Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda söwdanyň mukdary çäklendirildi
Şol bir wagtda, bu makalanyň çap bolan pursadynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi websaýtynda bu barada hiç hili habar berilmeýär.
Ýatlap geçsek, mundan bir hepde ozal Dadaýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda, adatça bolşy ýaly, bazarlardaky we önümçilikdäki hakyky ýagdaýy açmakdan saklanyp, hemme zadyň gülala-güllükdigini ynandyrmaga çalyşypdy.
A.Dadaýew häkimiýetleriň ýurdaky ýiti azyk gytçylygyny agzamakdan saklanýan pursady, "gök-bakja, et, süýt we beýleki gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak" ugrunda tagallalaryň edilýändigini aýdypdy.
Emma, Dadaýewiň wezipesinden gitmegi ýurtdaky agyr ykdysady krizis we azyk ýetmezçiligi bilen bagly bolup-bolmandygyny häzirlikçe anyklamak başartmady.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanly telekeçiler, ýurtda döwlet tarapyndan goldanylýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň monopoliýasynyň emele gelendigini aýdýarlar.