Koronawirus sözi gadagan edilen Türkmenistanda döwlet telewideniýesi ýiti respirator kesellerine garşy sosial wideolaryny ýygjamlatdy, hökümetçi sosial hasap keselçilige garşy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda aýdylýan melhem çaýlary içmegi maslahat berýär.
Koronawirus global pandemiýasy dünýäde giňden ýaýraýan wagty, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary anyk ady aýdylmaýan kesele garşy “jemgyýetçilik ähmiýetli” sosial wideolary günüň dowamynda yzygiderli efire berip başlady. Olarda sagdyn durmuş üçin beýleki maslahatlar bilen bir hatarda prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda agzalýan çaýlary içmek, ýüzärlik tütetmek, sazagyň kökünden peýdalanmak, burçly unaş içmek ýaly emler maslahat berilýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda ilata koronawirus barada geplemek gadagan edilýär, türkmen raýatlary ýurduň daşynda kösenýär
Döwlet telewideniýesi berilýän maslahatlary “möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin” diýip umumylaşdyrýar.
“Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin mähriban prezidentimiziň bize peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediki kitabynda beýan edilýän it burun, çopantelpek, buýan köki, zirk, mekgejöwen gulpagy, narpyz, limon ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli” diýip, “Ýaşlyk” telekanalynda gaýtalanýan sosial wideoda aýdylýar.
Döwlet telewideniýesi garşysyna göreşilýän keseli atlandyrmak üçin dürli manydaş sözlerden peýdalanýar:
“Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy kabul etmeli” diýip, beýleki bir sosial wideoda aýdylýar.
1-nji aprelde “Ýaşlyk” telekanalynda lukman eşiginde çykyş eden bir aýal adam kesellere garşy göreşmek üçin hepdede üç gezek ýüzärlik tütetmegi maslahat berýär:
“Hepdede üç gezek ýüzärlik tütedip, arassaçylyk işlerini geçirmekligi maslahat berýäris. Ýüzärlik tütedilen ýagdaýynda öý şertlerinde döreýän birnäçe mikroplaryň, kesel dörediji birnäçe bakteriýalaryň ýok bolmaklygyna getirýär” diýip, ol aýdýar.
Döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” kanalynda gaýtalanýan wideoda dürli kesellere garşy sazak ösümliginden hem peýdalanmak maslahat berilýär:
Degişli maglumat Berdimuhamedow ýüzärlikden soň sazak tüssesini, pürüni we külüni wagyz edýär
“Garagum sährasynyň sazak ösümliginiň dermanlyk häsiýetlerinden iç kesellerini, nerw kesellerini bejermekde, gorkyny aýyrmakda ýa-da ot-iýmlik ähmiýetli ösümlik bolmak bilen bir hatarda, gülüniň himiýa senagaty üçin çig mal almakda hem peýdalanylýandygyny bellemelidir. Şonuň bilen birlikde sazagyň ody sowuklamanyň öňüni almakda peýdalydyr” diýip, wideoda sazak bilen bejerilýändigi öňe sürülýän keselleriň atlary aýdylýar.
Türkmenistanyň berk gözegçilikdäki telewizion kanallarynda yýgjamlaşýan tebipçilik emleri prezident Berdimuhamedowyň ýüzärlik, unaş we sazak babatynda mart aýynyň dowamynda beren maslahatlarynyň yzýanyna gabat gelýär.
Efire berilýän beýleki wideolarda sagdyn durmuş üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak ýaly maslahatlar berilýär, ýöne Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus babatynda sosial aralyga, jemgyýetçilik ýerlerinden daşda durmaga degişli maslahatlary türkmen telewideniýesinde agzalmaýar.
“Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, sebäbi saglygyňyz siziň özüňize baglydyr” diýip, “Ýaşlyk” telekanalynda gaýtalanýan sosial wideoda aýdylýar.
Resmi maglumatlara görä, Türmenistanda heniz koronawirus keseli hasaba alynmady.
Döwlet telewideniýesinde anyk ady aýdylmaýan kesele garşy göreşmekde oksolin melheminden peýdalanmak hem maslahat berilýär:
Degişli maglumat COVID-19: Mekdep dynç alyşynyň wagty uzaldyldy, toý-sadakalar ýatyryldy, obalara oksolin paýlanýar
“Öz hem-de öz perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli”, diýip döwlet TW-sinde aýdylýar.
Beýleki bir sosial wideoda bir ene bilen agtygynyň mysalynda el ýuwmagyň ähmiýeti düşündirilýär:
- Dur, oglum! Eliňi ýuwmaly daşardan gelensoň!
- Ene, meniň elim arassa.
- Balam, sen daşardan geldiň.
- Daşardan gelseň hem eliňi ýuwmalymy?
- Hökman ýuwmaly, hökman!
Bu aralykda, türkmen sahnasynyň tanalan wekilleriniň gatnaşmagynda #stayhome, ýagny #öýde_gal heşteg goýlan wideo sosial ulgamda peýda boldy.
30-njy martda YouTube ulgamynda iňlisçe subtitr bilen goýlan hem-de aýdymçy Eldar Ahmedowyň gatnaşmagynda düşürilen wideoda ady aýdylmaýan kesele garşy prezidentiň kitaplaryndaky çaýlary içmek maslahat berilýär.
Azatlyk Radiosy koronawirus keseline garşy Bütindünýä saglyk guramasynyň hem-de beýleki abraýly saglyk edaralarynyň berýän maslahatlaryny yzygiderli çap edýär. Olardan peýdalanyň, hormatly diňleýjiler!
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.