Türkmen ýük ulag sürüjileriniň onlarçasy Gürjüstanda karantinde saklanýar. Daşary ýurt ýük ulaglarynyň Türkmenistana girmegi çäklendirildi

Illýustrasiýa suraty

Dünýäniň koronawirus aladalarynyň fonunda, Türkmenistanyň onlarça ýük ulag sürüjisi Gürjüstan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky serhet geçelgesinde we Russiýada karantin astynda saklanýar. Gazagystanyň Türkmenistan bilen arasyndaky serhet geçelgesinde​ onlarça daşary ýurt ýük ulagy bolsa, türkmen territoriýasyna geçirilmeýär. Bu maglumatlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt ýük ulaglarynyň we sürüjileriniň ýurda girmegini çäklendirendigi habar berilýär.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri koronawirusa garşy göreşýär, emma boýun almaýar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen telefon arkaly gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan türkmen ýük ulag sürüjileri Gürjüstan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky karantin zonada onlarça türkmenistanlynyň bardygyny aýtdylar.

"Sürüjiler Gürjüstandan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, soňra-da Türkmenistana barýarlar. Eger daşary ýurt sürüjileri hem goşanymyzda, onda bu ýerdäki ýük ulaglaryň sany ýüzlerçedir" diýip, 1-nji aprelde habarçy türkmenistanly sürüjileriň biriniň sözüni sitirledi.

Sürüjiler karantin zonasynda satylýan azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlaýandygyny we ýanlaryndaky puluň gutaryp barýandygyny hem belleýärler.

"Karantin zonasynda diňe bir sany azyk dükany bar. Sürüjiler diňe şol dükandan azyk satyn alyp bilýärler. Şol sebäpli bahalar gaty gymmatlady. Ýanymyzdaky pul gutaryp barýar. Türkmen ilçihanasy ýa-da konsulhanasy hiç hili kömek etmeýär. Biz diňe hudaýa bil baglaýarys" diýip, türkmen sürüjisi habarçymyza gürrüň berdi.

Sürüjiler bu ýerdäki 10 günlük karantin möhleti dolandan soňra, özleriniň beýleki döwletleriň, şol sanda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gümrük geçelgelerinde hem karantin astynda saklanjakdyklaryny aýdýarlar. Olar bu gezek peýda görmekden geçen, sag-aman öýlerine aşmagy umyt edýändiklerini hem belleýärler.

Degişli maglumat RSF: Türkmenistan “koronawirus” sözüni gadagan etmek bilen öz raýatlaryny howp astynda goýýar

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy Russiýada hem Türkmenistanyň ýük ulag sürüjileriniň ýolundan saklanyp, karantin astyna alnandygyny habar berýär.

"Sürüjiler karantin zonasyndaky şertleriň aýylgançdygyny aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 1-nji arelde aýtdy.

Bu aralykda, Gazagystanyň Türkmenistan bilen arasyndaky "Temir-baba" serhet geçelgesinde​ aglabasy Russiýa we Belarusa degişli bolan onlarça ýük ulagyň indi 10 gün çemesi wagt bäri türkmen territoriýasyna geçip bilmeýändigi habar berilýär.

"Turkmen.news" neşiri muňa türkmen tarapynyň serhedi ýapmagynyň sebäp bolandygyny belleýär.

"Iýmit we suw kömegi gerek. Çölde şertler ýok: Suw ýok, iýmitimiz hem gutaryp barýar. Düýn belarusly bir sürüji öz ýük ulagynyň kabinasynda öldi" diýip, 30-njy martda neşir öz redaksiýasyna gelip gowşan maglumaty sitirledi.

Neşir belarusly sürüjiniň ölendigi baradaky maglumaty "Temir-baba" gümrük gullugynyň tassyklandygyny, ýöne onuň ölüminiň sebäplerini anyklaşdyrmandygyny hem belleýär.

Degişli maglumat COVID-19: Mekdep dynç alyşynyň wagty uzaldyldy, toý-sadakalar ýatyryldy, obalara oksolin paýlanýar

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty degişli gazak resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Bu habarlaryň fonunda, Reuters neşiri daşary işler ministrliginiň resminamasyna salgylanyp, 1-nji aprelde çap eden maglumatynda ​Türkmenistanyň koronawirus sebäpli ýük ulaglarynyň hereketini togtadandygyny habar berdi.

"Resminamada tutuş aprel aýynyň dowamynda ýük gatnawynyň, şol sanda üstaşyr ýükleriň gatnawynyň "çäklendirilendigi" we munuň kadadan çykmany öz içine almaýandygy aýdylýar" diýip, neşir belleýär.

Reuters resminamanyň gazak telekeçisi tarapyndan onlaýn çap edilendigini we muny Türkmenistandaky iki diplomatik çeşmäniň hem tassyklandygyny aýdýar.

Bu habar Türkmenistanyň serhetlerine gelen ähli ýükleriň türkmen häkimiýetleri tarapyndan kabul ediljekdigi we daşary ýurt ulaglaryň hem-de sürüjileriň ýurda goýberilmejekdigi baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölenleriň sany 53 adama ýetdi, ýene 'agyr hassalar' bar

"Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan yglan edilen düzgüne laýyklykda, Türkmenistanyň Garabogaz we Farap serhet geçelgelerinden Türkmenistana giren we Türkmenistanyň territoriýasyndan tranzit geçýän ýükleri daşamak işi türkmen ýük daşaýjylary tarapyndan amala aşyrylar" diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki "TRT AVAZ" neşiri türkmen DIM-ne salgylanyp, 26-njy martda habar berdi.

24-nji martdan başlap güýje giren bu düzgüne görä, agzalan serhet geçelgelerine gelen daşary ýurt ulaglaryndaky ýükleriň türkmen ýük daşaýjylaryna geçirmek işi türkmen serhedindäki ýörite ýerlerde, el degrilmezden tabşyrmak görnüşinde amala aşyrylar.

"Düzgünde Gazagystanyň ýa-da Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistandan tranzit geçiriljek ýükleriň hem türkmen ýük ulaglary we sürüjileri tarapyndan nobatdaky serhet geçelgesine çenli eltiljekdigi, soňra degişli ýurduň ýük daşaýjylaryna gowşuryljakdygy hem bellenilýär. Şeýlelikde, daşary ýurt ýük ulaglarynyň Türkmenistana girmejekdigi, türkmen ýük ulaglarynyň ýurtdan çykmajakdygy aýdylýar" diýip, türk neşiri belledi.

Bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň websaýtlarynda maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň media serişdeleri koronawirus bilen bagly ýurtda we dünýäde bolup geçýän wakalar, şeýle-de türkmen raýatlarynyň daşary döwletlerde ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada aç-açan maglumat bermeýärler.