Türkmen häkimiýetleri koronawirusa garşy göreşýär, emma boýun almaýar

Jemagat gulluklaryň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirýärler, Aşgabat, mart, 2020

Aşgabatda dükanlar we hususy kärhanalar köpçülikleýin ýapylýar. Mekdeplerde okuw yza tesdirilýär. Arassaçylyk işleri geçirilýär. Ýollarda jemgyýetçilik ýerlerinde ilatyň gyzgyny barlanýar. Türkmenistandaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, bu çäreler koronawirusyň öňüni almak üçin alnyp barylýar. Şol bir wagtda-da türkmen häkimiýetleri koronawirus barada ilata maglumat bermezligini dowam etdirýärler, emma dowul döremezligi üçin basyş görkezýärler.

Aşgabatdaky habarçylarymyz 1-nji aprelden paýtagtda hususy dükanlaryň we hyzmat ugrundan işleýän kärhanalaryň köpçülikleýin ýapylýandygyny aýdýarlar.

"Birinden başlap ähli gözellik salonlary, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarda ýerleşýän dükanlar ýapylýar" diýip, habarçymyz 31-nji martda aýtdy.

Ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtda soňky günlerde çörek bişirýän we süýji öndürýän käbir hususy kärhanalar ýapylypdyr. Kärhanalaryň işiniň wagtlaýyn togtadylandygy aýdylýar, emma takyk wagt möhleti görkezilmeýär.

Degişli maglumat COVID-19: Mekdep dynç alyşynyň wagty uzaldyldy, toý-sadakalar ýatyryldy, obalara oksolin paýlanýar

Şu günler ýurdyň dürli ýerlerinde ilatyň gyzgyny barlanýar.

"Aşgabadyň daşyndaky köçelerde ähli awtoulaglarda adamlaryň gyzgyny barlanýar, Aşgabada girilýän ýerde diňe ulag sürüjiniň. Esasy çatryklarda we ýaşaýyş punktlara girilýän ýerlerde barlag edilýär" diýip, habarçymyz 31-nji martda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şu günki gün gözegçiler Mary welaýatyndan gelýän awtoulaglara has uly üns berýärler.

"Barlag geçirilende hemmeden soralýar kimiň Marydan gelýändigi, kimiň şol ýerde ýazga durandygyny we soňky gezek şol ýere haçan barandygyny" - diýip, habarçymyz aýdýar. Emma barlagçylaryň Mary welaýatyna näme sebäpden has uly üns berilýändigini anyklap bolmady.

Şol bir wagtda-da, Aşgabatda aprel aýyna bellenen konsertlerler ýatyryldy. Husuan-da 10-njy we 11-nji aprelde geçirmeli "Goliwudyň sazlary" atly konsertiň goýbolsun edilendigi tomaşaçylara habar berildi.

Mundan daşary Türkmenistanyň orta mekdeplerinde, şol sanda Aşgabadyň Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde bahar kanikullarynyň möhleti 6-njy aprele çenli artdyryldy. Habarçylarymyz mekdeplerde häzir dezinfeksiýa işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda koronawirusa garşy görülýän çäreleriň pugtalandyrylmagy bilen bir wagtda, azyk ýetmezçiligi hem güýçlenýär. Azygyň gytalan wagtynda döwlet dükanlary ilatyň satyn alýan harytlary üçin bir wagtda edip bilýän tölegine çäklendirme girizdiler. Her bir raýat öz bank kartasyndan 48 sagadyň dowamynda diňe 80 manatlyk azyk satyn alyp bilýär.

Ilatyň un, ýag ýaly ýönekeý azyk önümlerini satyn almakda çekýän kynçylyklary we ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmeleri bilen bir wagtda häkimiýetler, bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäbini düşündirmezden, ilatyň arasynda dowul dörmezligini güýç bilen gazanmaga synanyşýarlar.

"Milli howpsuzlyk ministrliginiň adamlary oba ýerlerine aýlanýarlar. Olar ýerli arçynlardan ilaty köşeşdirmegi talap edýärler, adamlaryň azyk gytçylygy barada geplemezligini talap edip, dowul dörän ýagdaýynda olardan soraljagyny duýdurýarlar" - diýip habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda çörek öňküsinden hem has gytalypdyr, käbir ýerlerde türkmen çöregi tapdyrmaýar.

Türkmen hökümeti soňky ýyllarda dowam edýän azyk gytçylygynda ilata her aýda döwlet bahasyndan satylýan unuň möçberini her adam başyna 5 kilogramdan kesgitleýär. Döwlet dükanlarynda satylýan bu uny almak üçin ilat köpçüligi uzak wagtlap nobatlarda durmaly bolýar, emma un hemmä ýetmeýär.

Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda söwdanyň mukdary çäklendirildi

Azyk gytçylygy we koronawirus Türkmenistanyň häkimiýetleriniň göwnünden turmaýan meseleleriň arasyndadyr. Häkimiýetler problemalar barada özleriniň dymmagyndan daşary ilatyň kynçylyklar barada geplemegine we nägilelik bildirmegine päsgel bermäge synanyşýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler raýatlaryň köçelerde koronawirus barada gürrüň etmegi sebäpli tussag edilýändigini aýdýarlar. Soňky aýlarda adamlaryň dükanlardaky we bankomatlaryň öňündäki nobatlarda edýän gürrüňleriniň raýat geýimli güýç edaralarynyň işgärleri tarapyndan diňlenýändigi mälim boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň dünýä ýaramagy bilen bagly problema barada dymmagyny dowam etdirýärler, ýurtdaky ýagdaýy hem agzamaýarlar.

DIM-niň ýurtda koronawiris bilen kesellän ýekeje-de adamyň ýokdugyny aýdyp, 5-nji martda eden resmi beýanatyndan soň, türkmen ýolbaşçylaryndan resmi çykyş bolmady. Azatlygyň ýurt içindäki ygtybarly çeşmeleri ýurtda koronawirus bilen birnäçe adamyň hasaba alnandygyny we olaryň sanynyň artýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.