Gazagystanda koronowirus ýokuşanlar 150 adam boldy, çäreler güýçlendirilýär

Nur-Soltanda we iň uly şäheri Almatyda gelýän hepde kompaniýalaryň köpüsiniň işini togtatmak buýruldy.

Gazagystanda koronowirus ýokuşanlaryň sany 28-nji martda 150-ä ýetdi, hökümet COVID-19-yň ýaýramagyny togtamak üçin has berk çäreleri görýär.

Ýurdyň paýtagty Nur-Soltanda we iň uly şäheri Almatyda gelýän hepde kompaniýalaryň köpüsiniň işini togtatmak buýruldy, raýatlaryň bolsa işe, azyk ýa derman satyn almaga gitjek bolmasa, 28-nji martdan başlap öýlerinden çykmagy gadagan edilýär.

Şeýle-de häkimiýetler şäherara transport terminallaryny, Gazagystanyň üçünji uly şäheri Şymkentdäki jemgyýetçilik ýerlerini ýapdylar.

Bu ýurt pandemibadan bir adamyň ölendigini habar berdi.

Goňşy Özbegistanda, ABŞ-nyň John Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, 104 adama koronowirus ýokuşandygy, iki adamyň wirusdan ölendigi habar berildi.

Bişkekde we ýene birnäçe şäherde, käbir regionlarda adatdan daşary ýagdaý yglan eden Gyrgyzystanda 28-nji mart güni irden tassyklanan koronowirus hadysalarynyň sany 58 boldy.

Sebitiň beýleki iki ýurdy, Türkmenistan bilen Täjigistan tassyklanan koronowrus hadysasy barada habar bermedi.