Hemmeler üçin gorag maslahatlary
Birnäçe ýönekeý ätiýaçlyk çärelerini berjaý edip, COVID-19 bilen kesellemek ýa-da ony başgalara geçirmek howpuny azaldyp bilersiňiz:
- Elleriňizi sabyn we suw bilen yzygiderli hem-de gowy ýuwuň ýa-da antiseptik ulanyň.
- Näme üçin? Elleriňizi sabyn we suw bilen ýuwmak ýa-da antiseptik ulanmak arkaly elleriňizdäki wiruslary öldürip bilersiňiz.
- Asgyrýan ýa-da üsgürýän adamlar bilen azyndan 1 metr (3 fut) aralygynda distansiýa saklaň.
- Näme üçin? Kimdir biri üsgürse ýa-da asgyrsa, onuň burnundan ýa agzyndan düzüminde wirus bolup biläýjek ownuk damjalar daş-töwerege sepilýär. Gaty ýakyn bolsaňyz, eger üsgüren ýa-da asgyran adam COVID-19 bilen kesellän bolsa, onda siz düzüminde bu wirus bolmagy mümkin damjalardan dem alarsyňyz.
- Eliňiz bilen gözleriňizi, burnuňyzy we agzyňyzy ellemekden gaça duruň.
- Näme üçin? Eller köp ýere degýär we wirusy geçirip bilýär. Wirus eliňize ýokuşsa, eller ony gözüňize, burnuňyza ýa-da agzyňyza geçirip bilýär. Soňra wirus tutuş bedene ýaýrap, sizi kesel edip bilýär.
- Özüňiziň we töweregiňizdäki adamlaryň üsgürmek we asgyrmak boýunça arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändigine göz ýetiriň. Bu, üsgüreniňizde ýa-da asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy egilen tirsegiňiz ýa-da salfetka (elýaglyk) bilen ýapmalydygyňyzy aňladýar. Salfetkany ulananyňyzdan soň derrew zyňyň.
- Näme üçin? Damjalar wirusy ýaýradýarlar. Siz üsgürmek we asgyrmak boýunça arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeniňizde, başgalary dümew, sowuklama we COVID-19 ýaly wiruslardan goraýarsyňyz.
- Özüňizi gowy duýmasaňyz, öýde galyň. Eger gyzdyryp, üsgürýän we dem almakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, gysga wagtda saglyk işgärlerine ýüz tutuň. Ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň görkezmelerine eýeriň.
- Näme üçin? Döwlet we ýerli saglygy goraýyş edaralarynda sebitiňizdäki ýagdaý barada iň soňky maglumatlar bolar. Wagtynda edilen jaň lukmanyňyza sizi zerur we dogry lukmançylyk merkezine tiz ugrukdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de sizi gorar we wiruslaryň hem-de beýleki ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alar.
- COVID-19 wirusynyň iň köp ýaýran nokatlary (COVID-19 wirusynyň giňden ýaýran şäherleri ýa-da ýerli sebitleri) barada habarlary yzarlaň. Mümkin bolsa, şol ýerlere syýahat etmekden gaça duruň - esasanam garry adam bolsaňyz ýa-da süýji keseli, ýürek ýa-da öýken keselinden ejir çekýän bolsaňyz, bu sebitlere we şäherlere gitmekden saklanyň.
- Näme üçin? Wirusyň ýaýran ýerinde size COVID-19 ýokuşmak ähtimallygy has ýokary.
COVID-19 wirusynyň esasy alamatlary
COVID-19 wirusynyň iň köp ýaýran alamatlary gyzgynyň ýokarlanmagy, ýadawlyk we gurak üsgülewükdir. Käbir hassalarda agyry, burnuň dykylmagy we akmagy, bokurdak agyry ýa-da içgeçme bolup biler. Başlangyç etapda alamatlar ýumşak, gowşak bolup, bu kem-kemden güýçlenýär. Käbir adamlara bu wirus ýokuşsa-da, olarda hiç hili alamat ýüze çykmaýar we olar özlerini erbet duýmaýarlar. Adamlaryň köpüsi (takmynan 80%) ýörite bejergä zerurlyk bolmazdan keselden açylýar. COVID-19 ýokuşan her 6 adamdan ortaça 1-i agyr keselleýär we dem almakda kynçylyk çekýär. Garry adamlara we ýokary gan basyşy, ýürek näsazlyklary ýa-da süýji keseli ýaly saglyk problemalary bolan adamlara bu wirus ýokuşsa, olaryň agyr kesellemek ähtimallygy ýokarydyr. Gyzzyrma we üsgülewük alamatlary bolan hem-de dem almakda kynçylyk çekýän adamlar lukmançylyk kömegine ýüz tutmalydyrlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.