Türkmen görnüşleri - 11-nji hepde
Türkmenistan. Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndan görünýän täze metjit. Fewral, 2020.
Türkmenistan. Aşgabatly mekdep okuwçylary okuwdan soň özara gürrüň edýärler. Fewral, 2020.
Türkmenistan. Çukur gazýan adam. Aşgabat, fewral, 2020.
Türkmen paýtagtynda, çolaran köçede durup, tertip-düzgüne gözegçilik edýän polisiýa işgäri. Fewral, 2020.
Aşgabat. Awtoulag goýulýan ýerde, ak reňkli maşynlaryň golaýynda oýnaýan çagalar. Mart, 2020.
Türkmenistan. "Jennet" bazaryndaky söwda. Ownuk, hapa we ýygnalanda pil degen ýer almalarynyň her biri 5, 7.50 we 8.80 manatdan satylýar.
Häkimiýetleriň "ak mermer we ak awtoulag" syýasaty netijesinde dörän awtoulag duralgalarynyň biri. Aşgabat. Mart, 2020.
Çagalary bilen daşaryk, ak reňkli awtoulaglaryň ýanyna gezime çykan erkekler. Aşgabat. Mart, 2020.
Mekdepden gelýän çagalar. Aşgabat, fewral, 2020.
Gelin getirjek awtoulag, täze däbe görä, hökman ak bolmaly we soňky ýyllarda ýoň bolan bezeg ýaryşynda "yza galmaly däl". Aşgabat, mart, 2020.