Koronawirus sebäpli Hytaýdan Türkmenistana dolanan türkmen studentleri onlaýn sapaklara gatnaşmakda kynçylyk çekýärler

Illýustrasiýa suraty

Täze koronawirusyň dünýäýaýramagy bilen bagly Hytaýdaky okuwlaryny taşlap, Türkmenistana dolanyp gelen türkmen studentleri ýurtda Internetiň hiliniň pesliginden şikaýat edýärler.

Degişli maglumat Koronawirusa garşy Türkmenistan nähili çäreleri görýär? BSG bu keselden goranmak babatynda nämeleri maslahat berýär?

Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan studentleriň ençemesi Internetiň tizligi pesligi sebäpli onlaýn sapaklary alyp bilmeýändiklerini we munuň diplomlaryny almakda uly kynçylyk döredip biljekdigini aýtdylar.

"Keselçilik sebäpli Hytaýdan yzyna gelen Akbugdaý, Magtymguly, Gäwers, Ýaşlyk we Änew ýaly şäherdir etraplaryň ýaşlary Internetiň tizligi pesligi sebäpli onlaýn sapaklara gatnaşyp ýa-da sapaklary alyp bilmeýärler. Hususan-da, Gäwersde we Ýaşlykda Internet juda pes, hatda 3G hem ähli ýerde ýok. Ol bolanda-da, Internetiň tizligi sapaklara gatnaşmaga ýetmeýär. Onlaýn okuw bolansoň, Hytaý tarapy oňat okadýar. Olar tarapdan mesele ýok, emma TMCell-iň Interneti wirus degene meňzeýär, işleýşiniň ugry ýok" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, studentler şu bökdençlikler sebäpli okuwlarynda problemanyň döräp başlandygyny aýdyp, eger bu ýagdaý şeýle dowam etse, onda diplomlaryny alyp bilmezliginiň gaty ähtimaldygyny belleýärler.

"Häzir Hytaýdan gelen studentler aladaly ýagdaýda bolup, olar näme etjeklerini bilmeýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda internet ulanyjylar Wi-Fi gurallaryny goşulyp satyn alýarlar we soraga çekilýärler

Şol bir wagtda, studentler uly şäherlerde Internetiň tizliginiň birneme ganymatdygyny, ýöne her gün bu ýerdäki Internet kafelere gatnap okamaga özleriniň maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýärler.

"Uly şäherlerde ýaşaýan käbir garyndaşlarymyzyň öýüne-de baryp bilmeýäris. Sebäbi biz Hytaýdan gelensoň, bize şübheli göz bilen seredýärler" diyip, özüni Tirkiş diýip tanyşdyran student aýtdy.

Ýatlatsak, geçen ýylyň dekabrynda Hytaýda dörän koronawirusyň dünýä ýaýrap başlamagynyň fonunda, bu ýurtda okaýan türkmen studentleriniň ýüzlerçesi Türkmenistana dolanyp geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri studentleriň fewral aýynyň ilkinji günlerinden ýurda gelip başlandygyny habar beripdiler. Şonda olaryň ýurduň dürli kunjegindäki lagerlerde, käbiriniň bolsa öylerinde karantin astynda saklanýandygy aýdylypdy.

Degişli maglumat Berdimuhamedow kompýuteriň, telefonyň we planşetiň ‘zyýanlary’ barada ilkinji gezek aç-açan çykyş etdi. Indi näme bolar?


Halkara guramalarynyň internet azatlygy, tizligi we elýeterliligi boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna tankyt edilip, dünýäde iň ýaramaz görkezijilere eýe ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

“Ookla” kompaniýasynyň “SpeedTest” onlaýn tizlik barlag platformasy arkaly 2019-njy ýylda çap eden barlaglaryna görä, Internetiň öýlere ýa-da edara-kärhanalara hödürlenýän görnüşiniň (“fixed broadband”) tizligi boýunça Türkmenistan dünýäniň 179 ýurdunyň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Internet hyzmatlary doly döwletiň gözegçiliginde saklanyp, döwlet eýeçiligindäki "Türkmentelekom" kompaniýasy ýurtdaky ýeke-täk Internet prowaýderi bolmagynda galýar.

Türkmen häkimiýetleri interneti petikleýändigini resmi derejede boýun alman, ýurtda Internet giňişliginiň giňeldilýändigini wagtal-wagtal yglan edýär.

27-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekip, ýurduň ähli edara-kärhanalaryndan, şol sanda hususy telekçilerden 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlaryny döretmegi, galyberse-de, olary işjeň täzeläp durmagy talap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.