Traktorlar, otlar, arak, saunalar? Käbir ýolbaşçylar COVID-19-dan goranmak üçin geň, peýdasyz maslahatlary berýärler

G.Berdimuhamedow "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabynyň nobatdaky tomunyň üstünde işleýär. Arhiw suraty

Berk gözegçilik astynda saklanylýan Türkmenistanyň lideriniň gözi bilen seredilse, koronowirusdan goranmak üçin ýüzärlik ýakmak ýaly gadymdan gelýän bir serişde bar.

Belarusyň awtoritar prezidenti hem ministrler kabinetiniň agzalaryna we ildeşlerine şuňa meňzeş bir maslahat berdi: daşaryk çykyň we ekin meýdanlarynda işläň, traktor münüň diýdi.

Dünýä liderleri we saglyk ekspertleri dünýäde COVID-19 pandemiýasyny togtatmak, karantin çärelerini görmek, serhetleri ýapmak, maska ulanmagy hökmany düzgüne öwürmek, ýokanç kesele garşy göreşýän saglyk işgärleriniň iş mümkinçiliklerini pugtalandyrmak tagallalalryny edýärler. Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) maglumatyna görä, alymlar basymrak dünýäde 7500-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan hassalygy togtatjak bejeriş waksinasyny tapjak bolup çalyşýarlar.

Degişli maglumat "Saglyk statistikasy syrlygyna galýar"


Şeýle-de, köp resmi ýarym hakykatlaryň, nädogry maglumatlaryň we ylmy däl bejeriş usullarynyň ýaýradylmagynyň we hatda wagyz edilmeginiň öňüni almak üçin göreşýär. Bu sosial medianyň, çalasyn aragatnaşyk serişdeleriniň giňden ulanylýan döwründe örän kyn mesele bolup çykdy.

Koronawirusyň "ýaýramagy we oňa garşy görülýän çäreler köpçülikleýin infodemiýa, käbiri takyk we käbiri takyk bolmadyk maglumatlaryň aşa köp bolmagy bilen utgaşdy, bu adamlaryň zerur bolan ygtybarly maglumatlary we ynamdar gollanmalary tapmagyny kynlaşdyrýar" diýip, BSG-nyň fewral aýynyň başynda çap eden hasabatynda aýdylýar.

Sarymsak, C witamini, steroidler, efir ýaglary? Facebookda ýa-da Orsýetiň sosial ulgamy bolan VK-da okap biljek zatlaryňyza garamazdan, bu zatlaryň hiç biriniň koronawirusa garşy durup biljekdigini tassyklaýan hiç bir ylmy subutnama ýok.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýüzärlikden soň sazak tüssesini, pürüni we külüni wagyz edýär


Ýalňyş maglumat meselesine ünsi çekmek we adamlary ygtybarly, abraýly we ynamdar çeşmelere tarap gönükdirmek maksady bilen, käbir ýolbaşçylaryň koronawirusa garşy göreşmäge kömek edip biljek em hökmünde hödürlän geň-enaýy, nädogry tekliplerine nazar aýlaýarys.

Türkmen emi

Dünýädäki iň bir eziji jemgyýetleriň bolan Türkmenistanda ýyllar boýy häkimiýet başynda galan awtopritar liderler saglyk babatynda akyla sygmajak we örän geň-taň em-ýomlary salgy berip geldiler.

2006-njy ýylda ölmezinden ozal özüni ähli türkmeniň atasy diýip atlandyran Saparmyrat Nyýazow diňe jemgyýetçilik saglygy baradaky maslahatlary däl, ruhy ýol görkezmeleri bilen hem yzygiderli çykyş ederdi we onuň aýdýan, diýýän zatlary döwlet telewideniýesi hem-de gazetler tarapyndan gylyny gaçyrman, yzy üzülmezden gaýtalanardy. 2005-nji ýylda ýurduň lukmanlaryna dünýäde saglyk işgärleriniň ulanýan gadymy Gippokrat kasamyndan ýüz öwrüp, oňa derek hünäri boýunça elektrikçi inžener bolan Nyýazowa kasam etmek buýruldy.

Onuň oruntutary Gurbanguly Berdymuhammedow alan hünäri boýunça diş doktory bolup durýar. Emma ol hem Nyýazowyňkydan kem oturmaýan şahsyýet kultuny döretmekden ýa-da ylmy taýdan esaslandyrylmadyk saglyk maslahatlartyny bermekden çekinip durmady. Ol ýakynda, 13-nji martda geçiren hökümet mejlisinde hem, köp ýurdy uly alada goýan koronawirusy agzaman, ýokanç kesellere garşy göreş babatynda öň beren nesihatlaryny ýene bir gezek gaýtalady.

"Biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler" diýip, ol aýtdy.

Ol munuň bilen hem çäklenmedi we has öte geçip, ýüzärlik diýlip atlandyrylýan ýabany ösümligi ýakmagyň şeýleleýin göze görünmeýän wiruslary ýok etjekdigini ynandyrmaga çalyşdy.

Hakykatda bu dogry däl.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen döwlet telewideniýesi dekabr aýynda mallaryň arasynda ýaýran ýokanç keseliň garşysyna göreşýän daýhanlar üçin weterinarçylyk serişdeleri barada gepleşik taýýarlady. Şol gepleşikde mal eýelerine teklip edilýän bejeriş usullarynyň arasynda Berdymuhammedowyň adyndan çap edilen kitapda berilýän maslahatlar hem bar.

Bir ýyl öň bolsa, Saglyk ministrligi tomusky dem alyş näsaglyklaryndan ejir çekýän türkmenlere saglyk maslahatlaryny berdi. Ol maslahatlaryň arasynda G.Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabynda ylmy taýdan esaslandyrylan diýilýän dermanlyk çaýlary ulanmak maslahaty hem bardy.

Degişli maglumat Prezidentiň maslahatyndan soň döwlet edaralarynda üzärlik tütetmek işi bat aldy


Türkmenistan 18-nji marta çenli koronowirusyň tassyklanan hadysasyny habar bermedi.

Ekeniňi orarsyň

Aleksandr Lukaşenka hem Belarusy dolandyran iki onýyllykdan gowrak wagtynyň dowamynda watandaşlaryna halk içinden alan pähim-paýhaslaryny yzygiderli paýlamakdýan armaýar.

Ol prezident bolmazyndan öň sowetleriň gurnan köpçülikleýin daýhançylyk hojalygyna ýolbaşçylyk etdi we ildeşlerine berýän pendi-nesihatlaryny we halk tebipçilik maslahatlaryny şol ýerden susup alýar.

16-njy martda ol Minskde Ministrler kabinetiniň işgärleriniň ýygnagyny geçirdi we şol ýerde-de ýurtda dörän koronawirus aladalarynyň öňüni almaga çalyşdy.

17-nji martda bu ýurtda 17 adama wirus ýokuşandygy tassyklandy.

Lukaşenka döwlet telewideniýesinde halka görkezilen mejlisde resmilere ýüzlenip, "biz ozal beýleki wiruslaryň hötdesinden geldik, bu wirusyň hem hötdesinden geleris" diýdi.

"Siz diňe işlemeli, hususan-da häzir, obada işlemeli" diýip, Lukaşenka aýtdy. "Adamlar oba ýerlerinde meýdanda işleýärler, traktor sürýärler, hiç kim wirus hakynda gürrüň edenok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Ol ýerde traktor hemme adamy keselden saplar. Ekin meýdanlary hemme dertlini bejerer" diýip, ol aýtdy.

Prezident Aleksandr Lukaşenka

Lukaşenka öz ministrlerine saglyk arzuw etmek bilen, ýene-de bir saglyk maslahatyny eçildi: "Howurly sauna giriň-de, gowy derläň; koronawirus selsiýa boýunça 60 dereje gyzgynlykda ölýär" diýdi.

Hakykatda bolsa, traktorlaryň, saunalaryň ýa-da meýdan işleriniň koronowirusa garşy haýsydyr bir täsiriniň bardygy hakynda hiç bir subutnama ýok.

Arak emi

18-nji marta çenli Serbiýada 83 adama wirus ýokuşandygy tassyk edildi.

Üç hepde öň, dünýä ýüzündäki resmiler koronawirus ýaýramagyndan alada edip başlanda, prezident Aleksandar Wuçiç öz hökümetiniň görýän çärelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin saglyk ekspertleri bilen duşuşdy.

Ol degşip, eger-de içilse, alkogolly içgileriň peýdaly em bolup biljekdigini öňe sürdi.

Serb prezidenti Aleksandr Wuçiç saglyk resmileri we beýleki emeldarlar bilen wirusa garşy göreşi maslahatlaşýar.

"Olar maňa aýdanlaryndan soň, özem indi men amerikalylaryň munuň dogrudygyna aýak depýänini görýärin, alkogol goýan ýeriňde koronawirus döremeýär, indi men günde bir bulgur arak içmek üçin goşmaça sebäp tapdym" diýip, ol aýtdy. "Ýöne munuň spirtli içgiler bilen hiç hili baglanyşygy ýok, men muny siziň bilmegiňiz üçin tosladym" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma bu Wuçiçiň daşary işler ministriniň biraz öň Serbiýanyň telewideniýesinde wirusyň Hytaýyň ykdysadyýetini nyşana alýan daşary ýurt dildüwşügidigini öňe sürmezligine kömek etmedi.

Şu aralykda, belarusly Lukaşenka Wuciçiň şu hepdäniň başynda özüňi araga tutmak barada aýdan sözlerini gaýtalady.

"Men içegen däl, ýöne ýaňy-ýakynlar degişip, elleriňizi diňe arak bilen ýuwmaly däl, belki-de 40-50 gram arassa arak bu wirusy zäherlär diýýärdim" diýip, Lukaşenka aýtdy.

Hakykatda bolsa, spirtli içgileri içmek koronowirusyň öňüni almaýar, ondan ýa beden içindäki beýleki wiruslardan gutulmaga hem kömek etmeýär. Alkogol, aslynda, mikroblary we wiruslary öldürmäge kömek edip biler, ýöne elleriňizi arak bilen ýuwmakdan netije bolmaz.​

Mukaddes suw, mukaddes wirus

Adamlary netijesiz halk tebipçilik gürrüňleri bilen alasarmyk ýagdaýa salýanlar diňe syýasy ýolbaşçylar hem däl, beýle iş edýän başga adamlar hem bar.

Bir topar prawoslaw ýurdunda, şol sanda Orsýetde ruhanylaryň käbiri koronawirusyň ýakyn fiziki aragatnaşyk arkaly, howadaky damjalar ýa-da gap-gaçlarda galan tüýkülik ýaly beden suwuklyklarynyň üsti bilen ýokaşyp biljekdigini duýdurýan lukmançylyk görkezmelerini ret etdi.

Rus prawoslaw kilisesiniň ýokary derejeli işgäri Metropoliten Ilarion döwlet metbugatyna bu ybadathananyň 19-njy aprelde bellenmeli Pasha baýramyna çenli döwürde hyzmatlar üçin ybadathanalary ýapmajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Ilarion Rossia-24 teleýaýlymyna ybadathana ýolbaşçylarynyň haýsydyr bir "wirusyň ýa-da keseliň ýygnanaşyk mahalynda, ybadathana hyzmaty wagtynda çörek iýmek we çakyr içmek dessurlary amala aşyrylanda ýokaşyp biljekdigine" ynanmaýandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, ol ybadathananyň ybadatçylara mübärek şerap bermek üçin ulanýan çemçesini ulanmak ýaly düzgünlerine üýtgeşmeleri girizmegiň pikirini etjekdigini belledi.

"Ýöne gadagan etmeli ýa-da berjaý etmeli geňeş-maslahatlar barada aýdylanda, käbir halatlarda bir gezeklik [bir gezek ulanylýan] çemçe ulanylar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

17-nji martda ol has hem aňry gitdi.

"Bu ybadathananyň abanýan howpa kembaha garaýandygyny aňlatmaýar. Wirus ýaýrasa we ýokaşanlaryň sany köpelse, koronawirusa garşy göreş barada häkimiýetlerden täze buýruklar çyksa, ybadathana olara tabyn bolar" diýip, ol "Rossiiskaya Gazeta" aýtdy.

Ol ybadathana ýolbaşçylarynyň bir gezek ulanylýan käseleri, bir gezek ulanylýan rezin ellikleri ulanmak we haç ýa-da dini nyşanlary öpmek praktikasynyň togtadylmagy ýaly, prawoslaw däp-dessurlarynda adaty bolmadyk çäreleriň hem görülýändigini sözüne goşdy.

Degişli maglumat Saglyk ministrligi sagdyn dem almak üçin, raýatlara prezidentiň kitabyndaky çaýlary maslahat berýär


Emma muňa garamazdan, mundan iki gün ozalam, pesinden Kazanyň Wolga derýasynyň boýunda ýerleşýän bir prawoslaw kilisesinde şerap içmek üçin hemmeler şol bir "mukaddes çemçäni" gaýtalap ulanýardy.

18-nji martda Orsýetde wirus ýokuşandygy tassyklananlar 114 adama ýetdi.

Şu aralykda, Gürjüstanda (38 adama wirus ýokuşandygy tassyklanan ýurtda) prawoslaw ruhanylarynyň çokunmaga gelenleriň käselerine şerap guýmak üçin şol bir adaty çemçäni gaýtalap ulanmagy dowam etdirýändikleri barada habar berildi. Gresiýanyň prawoslaw kilisesi hem Ilarionyň wiruslaryň aragatnaşyk arkaly ýaýramajakdygy barada aýdan esassyz tutanýerliligine eýerdi.

Gürji prawoslaw ruhanylarynyň ýene bir bölegi bolsa, şu hepde Tbilisiniň köçelerinde aýlanyp, awtoulaglara we sürüjilere mukaddes suw sepip, koronawirusy yzyna serpikdirmek ýa-da ondan bejermek tagallalaryny etdiler.