Bütindünýä Saglyk Guramasy maslahat berýär

COVID 19 barada ynanmaly däl 12 ýalan gürrüň

Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) koronawirus pandemiýasy baradaky ähli maglumatlary jemleýär. Onuň maslahatlary dünýäniň 150-den gowrak ýurdundan gowşan COVID 19 wirusyna garşy tejribelere daýanýar. Wraçlar hem alymlar tarapyndan inkär edilýän 12 ýalan gürrüňi dykgatyňyza hödürleýäris.

1. COVID 19 wirusy aýratyn yssy hem çygly howaly sebitlerde ýaýraýarmy?

Häzirki wagtda BSG-de bolan maglumatlara görä, COVID 19 dörediji wirus islendik sebitde ýaýrap bilýär, şol sanda yssy hem çygly howa şertleri bolan raýonlarda-da. Howa şertlerine garamazdan, özüňi goramak çärelerini berjaý etmeli. Eliňi yzygiderli arassa ýuwup durmak COVID 19 wirusyndan goranmagyň iň gowy hususy usulydyr. Ol wirus hapaçylygyny eliňden aýyrmak üçin gowy çäredir hem gözüňe, agzyňa ýa-da burnuňa ýokuşmagyndan saklanmakdyr.

Wideo: COVID-19 wirusy nähili ýaýraýar we oňa garşy nähili göreşmeli?

2. Sowuk hem garly howada daşarda gezmek täze koronawirusy öldürmäge kömek edýärmi?
Ýok, kömek etmez. Daşarynyň ýa-da howanyň temperaturasyna garamazdan, sagdyn adamyň bedeni 36,5° - 37° gyzgynlygy özünde saklaýar. Şonuň üçinem sowuk howada daşarda gezelenç etmek, täze koronawirus infeksiýasyna ýa-da beýleki bir kesele garşy göreşmäge esas döreder diýip bil baglamak bolmaz.


3. Gyzgyn suwda ýuwunmak täze koronawirus infeksiýasyna garşy göreşmäge kömek edermi?


COVID-19 wirusynyň ýokuşmagyndan, gyzgyn suwda ýuwunmak halas etmez. Suwuň, wannanyň ýa-da duşuň nä derejede gyzgynlygyna garamazdan, kadaly adamyň temperaturasy 36,5°C - 37°C gyzgynlygy saklaýar. Gaýtam aşa gyzgyn suwuň teni ýakyp zyýan etmegi mümkin.


4. 2019-nCoV wirusy tok arkaly guradyjy serişdede ýok bolýar diýilýäni dogrumy?


Ýok. Elektrik arkaly el guradyjy serişde 2019-nCoV wirusyny öldürip bilmeýär. Täze koronawirus infeksiýasyny almazlyk üçin, eliňi yzygiderli ýuwup, arassalap durmak, spirt siňdirilen serişde bilen süpürmek hem sabyn bilen suwa ýuwmak zerur.


5. Ultrabenewşe şöhle (UB çyra) täze koronawirusy (2019-nCoV) ýok edýär diýilýäni çynmy?


Ýok, bu beýle däl. UB çyrasy eldäki ýa-da adamyň açyk ýerlerindäki deri örtüginde bolan infeksiýalary aýyrmak üçin däl. Gaýtam UB çyrasy eritemi – deridäki bozulmalary döredip biler.


6. Tutuş bedeniňi entalon ýa-da hlorly ergin bilen süpürip çykmak täze koronawirusy (2019-nCoV) ýok edermi?


Etmez. Tutuş bedeniňi spirt ýa-da hlorly ergin bilen süpürmek, eýýäm organizme ornaşan wirusy ýok edip bilmez. Şeýle serişdeleri ulanmak egin-eşige hem-de nemli bardalar bolan göze, agyz boşlugyna zyýan ýetirmegi mümkin. Spirt hem-de hlorly ergin, belki-de, daşardaky serişdelerde dezinfeksiýa geçirmek üçin peýdalydygyny ýatlamak möhüm. Ýöne ony diňe zerur bolan ýagdaýynda, görkezilen düzgüne laýyklykda ulanyp bolar. Munda iň gowusy eliňi sabyn bilen ýuwup durmakdyr.


7. Burnuňy yzygiderli duzly ergin bilen ýuwup durmak täze koronawirusyň ýokuşmagyndan gorap bilermi?


Ýok. Burnuňy yzygiderli duzly ergin bilen ýuwup durmagyň koronawirus infeksiýasyndan goraýandygy barada ylmy maglumat ýok. Käbir maglumata görä, burnuňy duzly ergin bilen ýuwup durmak adaty dümewden çalt gutulmaga ýardam etmegi mümkin. Ýöne burnuňy yzygiderli duzly ergin bilen ýuwup durmagyň dem alyş ýollaryndaky infeksiýalary aýyrmaga peýda edýändigine subutnama ýok.

8. Täze koronawirusyň ýokuşmagyndan sarymsak gorap bilermi?


Sarymsak – adam saglygy üçin peýdaly iýmit, onda mikroplara garşy köp sanly aýratynlyklar bar diýip, BSG belleýär. Şeýle-de bolsa, häzirki wirusyň öýjügýän şertinde, sarymsagy täze koronawirusyň ýaýramagyna garşy goranyş serişdesi hökmünde ulanyp, peýda görlendigini tassyklaýan subutnama ýok.


9. Antibiotik dermanlar täze koronawirus infeksiýasynyň öňüni almakda, peýdaly serişde bolup bilermi?


Ýok, antibiotikler wirusa garşy göreşip bilmeýärler, ol diňe bakterial infeksiýalary bejermek üçin ulanylýar. Täze koronawirus (2019-nCoV) – ol aýratyn wirus bolup, onuň öňüni almak hem bejermek çäreleri üçin, antibiotik ulanylmaýar.


10. Täze koronawirus infeksiýasynyň öňüni almak hem bejermek üçin, nähilidir derman serişdesi barmy?


Häzirlikçe täze döreýän koronawirusyň (2019-nCoV) öňüni almak ýa-da ol infeksiýany bejermek üçin niýetlenen bejeriş serişdesi ýok. Täze koronawirusa garşy ýöriteleşdirilen dermany döretmek barada iş gidýär, ol döredilenden soň, kliniki barlagdan geçmelidir. 16-njy martda ABŞ wirusa garşy waksini synag edip başlady.


11. Koronawirus sowadyjyda duran iýmitler arkaly ýaýrap bilermi?


Häzirki wagtda koronawirusyň iýmitden geçendigine şaýatlyk edýän subutnama ýok. Koronawirus bolan ýurtlardan getirilen iýmitlerden kesellän adam hem hasaba alynmady. Wirus bir zadyň ýüzünde saklanyp galmaga ejiz, iýmiti bir ýurtdan beýleki ýurda aşyrmak üçin bolsa wagt gerek.


12. Täze koronawirus çybyn çakmagy arkaly geçip bilermi?


Täze koronawirus – respirator wirusy, ol esasan howa-damja (nem) ýoly bilen geçýär, ýagny näsagyň bedenindäki dem alyş ýollarynda emele gelýän nemleriň üsti bilen ýaýraýar. Meselem, bir adam üsgürende ýa-da asgyranynda, şeýle hem tüýkülik syçranynda, burundan suw akanynda başgalara geçip bilýär. Häzirki wagtda çybyn çakmagy bilen 2019-nCoV wirusynyň ýaýrandygy hakda informasiýa ýok. Infeksiýadan goranmak üçin, üsgürinýän ýa-da gyzgyny ýokary bolan adamlardan daşda durmak gerek, şeýle hem eliň arassalygyny we respirator gigienanyň düzgünlerini berjaý etmeli.

Bütindünýä Saglyk Guramasy ýokançly wirusdan goranmak üçin, eliňi nähili dogry ýuwmak barada, ýörite wideo taýýarlady.

Goşmaça sorag: COVID-19 sebäpli ýogalan adamyň jaýlanyşyna gatnaşanyňda, wirusyň ýokuşmagy mümkinmi?


BSG COVID-19 sebäpli ýogalan adamyň jesedine mümkin bolsa galtaşmazlygy – ony ellemezligi maslahat berýär. Ýogalan adam jaýlamak üçin taýýarlananda, koronawirusdan mümkin boldugyça goranmak çärelerini nazarda tutmaly. Jeset jaýlanmaga taýýar edilenden soň, oňa el degriläýen halatynda, wirusyň ýokuşmak töwekgelçiligi pes bolýar. Ýöne merhumy ogşamakdan saklanmak gerek.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.