Gazagystanda 27, Özbegistanda 10 adam koronawirusdan keselledi

illýustrasiýa suraty

Gazagystanda koronawirusdan kesellänleriň sany 27 adama ýetip, bu san bir gijede iki esse artdy.

Gazagystanyň saglyk ministri Elzhan Birtanowyň 17-nji martda aýtmagyna görä, adam ölümine sebäp bolýan wirus ýokaşan 14 adam paýtagt Nur-Sultanda we ýene üç adam Almatyda hasaba alnypdyr.

16-njy martda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaew ýurtda 15-nji aprele çenli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Goňşy Özbegistanda koronawirus bilen kesellänleriň tassyklanan sany 10 adama ýetdi. Bu barada Özbegistanyň Saglyk ministrligi 17-nji martda habar berdi.

Özbegistanyň Adalat ministrligi koronawirus barada dowul döredýänleriň jogapkärçilige çekiljegini aýtdy. Onuň sözlerine görä, jeza hökmünde 4,600 - 9,300 amerikan dollary aralygyndaky jerime ýa-da sekiz ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.