Prezidentiň maslahatyndan soň döwlet edaralarynda üzärlik tütetmek işi bat aldy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow derman ösümlikleri bilen, 15-nji iýul, 2019

Dünýäde koronawirus bilen hasaba alnanlaryň sany 150 müň adama ýetdi, 6000 adam ýogaldy. Ýewropanyň ençeme ýurdunda tutuş şäherler ýapylýar, uçar gatnawy ýatyrylýar, çalt ýaýraýan infeksiýanyň öňüni almak üçin daşary ýurtlular goýberilmeýär. Türkmenistan bilen goňşy Gazagystanyň we Özbegistanyň häkimiýetleri COVID-19 bilen kesellänleriň bardygyny yglan etdiler. Bu ýagdaýda Türkmen häkimiýetleri koronawirus barada dymmagyny dowam etdirýärler. Türkmen prezidenti bu temadan eden seýrek çykyşynda koronawirusa garşy üzärlik tütetmegi tabşyrdy.

Prezidentiň ýaňy-ýakynda eden rekomendasiýasyndan soň Türkmenistanyň döwlet edaralarynda üzärlik tütetmek işi bat aldy.

16-njy martda Aşgabatdaky habarçymyz şeýle gürrüň berdi: "Edara-kärhanalaryň ählisinde üzärlik edýärler. Günde aýlanyp, tütedýärler. Irden, gündiz, ýa-da agşamlaryna, jemi günde iki gezek".

13-nji martda döwlet ösüşi boýunça maslahatynda prezident Berdimuhamedow üzärligiň "dürli kesellerden" netijeli serişdedigine özüniň ynanýandygyny aýtdy. Maslahatda üzärlik tütetmegiň, burçly unaş içmegiň ýokanç kesellerden goranmakdaky aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Degişli maglumat Prezident koronowirusy agzaman, onuň öňünde 'mukaddes' ýüzärlik bilen durmaga çagyrýar 

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky derman gytçylygynyň we medisina hyzmatlarynyň gymmatlamagynyň fonunda ilaty dermana derek ösümliklerden peýdalanmaga yzygiderli ündäp gelýärler.

Dünýäde heläkçilikli COVID-19 epidemiýasy döräli bäri, Türkmenistanyň döwlet edaralarynda, şol sanda mekdeplerde we keselhanalarda üzärlik häli-şindi tütedilip başlandy.

Türkmen prezidentiniň üzärligiň bejeriş ukyby hakynda ylmy taýdan subut edilmedik soňky çykyşy 149 ýurda ýaýran koronawirusyň howpy sebäpli global pandemiýasynyň ygan edilen pursadyna gabat geldi.

Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlaryň ählisinde koronawirus tapyldy. Başda Eýranda we Owganystanda, soňky günlerde Özbegistanda we Gazagystanda koronawirus bilen kesellänler hasaba alyndy we olaryň sany artýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 wirusyndan kesellänleriň ýurtda ýokdugyny aýdýarlar. Emma Azatlygyň çeşmeleri Aşgabadyň ýokanç keseler hassahanasynda azyndan iki adamdan koronawirusyň tapylandygyny 3-nji martda habar beripdi.

Degişli maglumat BSG koronawirusy pandemiýa yglan etdi

Şu günki gün türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy alyp barýan esasy çäreleri ýurduň daşky dünýäden üzňeleşdirilmegine gönükdirildi. Serhetler ýapyldy, halkara uçar gatnawynyň aglaba bölegi bes edildi, uçarly gelýän ýolagçylar barlanýar, käbiri karantine salynýar.

Bu çäreleriň ählisi resmi informasiýa boşlugynyň fonunda dowam etdirilýär. Häkimiýetler koronawirus bilen baglylykda bolýan ýagdaýlary kommentirlemeýärler, döwlet habar beriş serişdeleri habar bermeýärler.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda döredilen karantin zonalarynda saklanýan adamlaryň sany köpelýär. Transport çatryklarynda ýolagçylara gözegçilik edilýär, aeroportlarda we demirýol wokzallarynda olaryň gyzygyny barlanýar.

Paýtagtda jemgyýetçilik transportynda dezinfeksiýa geçirilýär. Bu işe jemagat gulluklarynyň işgärlerinden başga-da sanitariýa epidemiologiýa gulluklarynyň işgärleri çekilýär.

Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri häzirki wagtda häkimiýetleriň ýurduň içindäki uçar gatnawyny ýatyrmak mümkinçiligine seredýändigini habar berýärler.

Degişli maglumat Türkmenabatda karantinde arassaçylyk serişdeleri we derman ýetmezçilik edýär, Aşgabatda dezinfeksiýa güýçlendirilýär

Mundan öň türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleriniň çäginde welaýatlaryň arasyndaky gatnawy çäklendirmek meselesine seredýändigini habarçylarymyzyň ýene biri 12-nji martda habar beripdi. Ol şonda bu karara prezidentiň gatnaşmagynda boljak maslahatyň netijesinde gelinmegine garaşylýandygyny aýdypdy.

Bu meselä 13-nji martda geçirlen hökümet maslahatynda seredilip, seredilmändigi resmi maglumatlarda agzalmady.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň häkimiýetlerinden resmi kommentariý alyp bilmedi.

Too çadyrlary, Aşgabat, mart, 2020

Mart aýynyň başynda habarçylarymyz Aşgabatda korоnawirus sebäpli köpçülikleýin çäreleriň ýatyrylýandygyny, dynç alyş we sport desgalaryň, baseýnleriň ýapylyp başlanandygyny, toýlaryň yza tesdirilýändigini habar beripdi.

Emma 15-nji martda habarçylarymyzyň biri soňky günlerde paýtagtda toýlaryň geçirilýändigini habar berdi.

Habarçylarymyzyň ýene biri, paýtagtyň käbir mekdeplerinde goşmaça arassaçylyk çäreleriniň geçirilmeýändigini habar berip, hususan-da 10-nji we 11-nji etrapçalaryň mekdeplerinde hem çaglar baglarynda jaýlaryň hepdede diňe bir gezen hlor bilen ýuwulýandygyny aýtdy.

Mundan bir aý öň häkimiýetler ilaty koronawirusyň howpy barada habarly etmek üçin ýazmaça görnüşli informasion bildirişleri ýaýradypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.