Aşgabadyň döwlete degişli söwda nokatlarynda şekeriň, ösümlik ýagynyň we towuk budunyň gytçylygy hem-de munuň bilen bagly adamlaryň uzyn nobatlary saklanyp galýar. Şol bir wagtda, paýtagtyň döwlet dükanlaryndaky söwda tekjelerinde azyk harytlarynyň görnüşleri azalýar.
Degişli maglumat Aşgabatda mugallymlar okuwçylary sapak wagtynda gyt harytlary satyn almaga iberýär
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky bir-birinden garaşsyz iki habarçysynyň tassyklamagyna görä, şeker, ösümlik ýagy we towuk budy ýaly harytlar günuň dowamynda bir gezek satuwa çykarylýar we olar nobatda duran adamlaryň ählisine ýetmeýär.
"Bu harytlar şäheriň käbir söwda nokatlarynda çäkli möçberde satuwa çykarylýar. Mysal üçin, şu gün Magtymguly şaýolunyň ugrundaky "Desse" dükanynyň öňunde adamlar irden sagat 5-den nobata durup başladylar. Nobatda 50-den gowrak adam bardy. Bu dükanda üç günläp towuk budy satylmady. Diňe şeker we ösümlik ýagyny satuwa çykardylar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji martda gürrüň berdi.
Ýöne ol ösümlik ýagynyň diňe iki gutusy satuwa çykarylyp, ondan her adama 1 litr ýag satylan bolsa-da, onuň nobatda duran adamlaryň ählisine ýetmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
"Ýag ýetmedik adamlara 1 kilogram şeker satdylar" diýip, habarçy aýtdy.
Şeýle-de, ol bu gyt harytlaryň paýtagtyň "Älemgoşar" bazarynda hem wagtal-wagtal satuwa çykarylýandygyny belledi. Ýöne ol raýatlaryň bu harytlaryň ýany bilen hökmany ýagdaýda ýarym kilogram nohudy hem satyn almaga mejbur edilýändigini aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri bazardaky azyk, hususan-da et bahalaryny emeli usulda arzan saklamaga synanyşýar
"1 kilogram şeker, ýa iki sany towuk budy, ýa-da 1 litr ýag satyn alsaň, onda olaryň her biriniň gapdalyndan aýry-aýrylykda ýene ýarym kilogram nohut satyn almaly. Nohudyň ýarym kilogramy 5 manada barabar" diýip, habarçy aýtdy.
Azatlygyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy hem, Baba Annanow köçesiniň ugrundaky "Azatlyk" bazarynda üç nokatda towuk budunyň çäkli möçberde satylandygyny habar berdi. Şeýle-de, ol bu nokatlaryň her birinde dört hatardan düzülen nobatlaryň 25-30 metre çenli uzap gidýändigini belledi.
"Eger şol söwda nokatlaryň her birinde adamlar dört hatara däl-de, diňe bir hatara düzülip nobata dursa, onda ol 100 metrden hem geçer. Bu nobatlar sebäpli bazardan geçer ýaly däl. Adamlar özarasynda "towuk buduny giňişräk ýerde satsalar boljak" diýip aýdyşýarlar. Ýöne ilatyň aýdýan giňişräk ýeri köçäniň ugrunda ýerleşýär. Bu ýerde adamlar nobata dursa, nobatlar öten-geçenleriň ählisine görünýär. Bu bolsa häkimiýetleriň bähbidine däl" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji martda gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, habarçy bu ýerdäki towuk budunyň hem sagat 11:30-a çenli satylyp gutarandygyny we bazar resmisiniň ilata ertir gelmegi tabşyrandygyny hem belledi.
Belläp geçsek, bu harytlaryň döwlet we hususy nyrhlarynyň arasynda uly aratapawut bolup, häzirki wagt döwlet dükanlarynda 1 litr ösümlik ýagy 13 manatdan, towuk budunyň 1 kilogramy 10-13 manatdan we şekeriň 1 kilogramy 7 manatdan satylýar. Hususyýetçilerde bolsa, ösümlik ýagy 18-20 manatdan, towuk budy 20-22 manatdan we şeker 8 manatdan bahalanýar.
Degişli maglumat Lebapda kartoşka, sogan çäkli möçberde satylýar. Bazarlarda alyjylar azalýar, öýlerde ogurlyk wakalary köpelýärAzatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan döwründe, köp hojalyklaryň alýan aýlyk-günlüginiň bazarlardan harytlary satyn almaga köplenç ýetmeýändigini, şol sebäpli olaryň döwlet dükanlaryndaky harytlary satyn almaga ymtylýandygyny aýdýarlar.
Bu aralykda, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda azyk harytlarynyň görnüşleriniň hem azalýandygy aýdylýar.
"Dükanlaryň söwda tekjeleri boş däl, ýone olary şol bir görnüşli harytlar bilen doldurýarlar. Mysal üçin, tekjelerde makaron, wermişel önümleri bar. Ýöne başga dürli harytlar gaty az" diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Bu kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda şeker, un, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtgasy ýaly azyk önümleri köplenç satuwda tapdyrmaýar. Bu harytlar satuwa çykarylanda, dükanlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele gelýär we käte olarda dawa-jenjel hem döreýär.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, azyk gytçylygyny we munuň bilen bagly döreýän nobatlary aç-açan agzap çykyş etmän gelýärler. Bu barada resmi mediada hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.