“Her ýyl millionlap bag ekilýän bolsa, Türkmenistan häzir Şweýsariýa bolmaly”

Aşgabadyň eteginde ekilen arçalar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna heniz resmi derejede girişilmese-de, Lebap welaýatynda bu işler eýýäm başlandy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy bag nahallaryny oturtmak çärelerine edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmaga ýa-da özlerine derek hakyna adam tutmaga mejbur edilýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Lebaply býujet işgärlerinden bag ekmek çäresi üçin 100 manada çenli pul ýygnalýar

“Lebapda bag ekmek çäresi şu aýyň ilkinji günlerinde başlandy. Bu çärä welaýatyň býujet işgärleriniň tas ählisi, şol sanda zawod-fabrikleriň işgärleri, halyçy aýal-gyzlar, mugallymlar we lukmanlar gatnaşdyrylýar. Olar ýa çärä gatnaşmaly, ýa-da özlerine derek hakyna işçi tutmaly bolýarlar. Üstesine-de, olar öz işini berjaý etmeli bolýarlar” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 10-njy martda gürrüň berdi.

Habarçy býujet işgärleriniň bu işçiler üçin günde 20-30 manat tölemeli bolýandygyny we olaryň bu çärelerden örän nägiledigini aýdýar. Şol bir wagtda, habarçy olaryň işden çykarylmakdan alada edip, bu barada edara ýolbaşçylaryna garşylyk görkezmeýändigini hem belleýär.

Aýdylmagyna görä, bag ekmek çäresi diňe býujet işgärlerine däl, eýse mekdep okuwçylaryna hem öz täsirini ýetirýär. Şu günler welaýatyň orta mekdepleriniň ýolbaşçylary okuwçylardan 2-5 aralygynda arça agajyny ýa-da miweli baglaryň nahallaryny getirmegi talap edýärler.

“1 sany miweli bagyň, ýagny erigiň bahasy 15, üljäniňki 60 manada deň. Arça 60, tut 5, derek 10 manatdan bahalanýar. Muňa maddy ýagdaýy ýetmeýän hojalyklar köp. Şol sebäpli maşgalada dawa-jenjel hem döreýär. Soňky döwürde okuwçylaryň köçelerdäki baglary ogurlap, mekdeplere alyp barýan halatlary hem köpeldi” diýip, habarçy mekdep mugallymlarynyň we ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabat býujet işgärleriniň, ýaş çagaly eneleriň gatnaşmagynda ählihalk ýowaryny geçirdi

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada Lebap welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi. Ýöne bu maglumatlar Lebapda edara-kärhanalaryň işgärlerinden bag ekmek çäresi üçin 70 manatdan 100 manada çenli pul ýygnalýandygy baradaky habarlardan üç hepde çemesi soňa gabat geldi.

Türkmenistanda her ýylyň 21-22-nji martynda Nowruz baýramy bellenilip, bu günler resmi taýdan dynç günleri diýlip yglan edilýär. Ýöne muňa garamazdan, bu günlerde ýurduň welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda edara-kärhanalaryň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýowara çykarylýar hem-de bag nahallaryny oturtmaga mejbur edilýär.

Şu ýyl Lebapda bag ekmek çäresiniň, geçen ýyllardan tapawutlylykda, näme sebäpden ir başlandygy barada resmi maglumat berilmeýär. Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply bagbanyň sözüne görä, muňa sebitde howanyň ir gyzmagy, bahar paslynyň eýýäm fewral aýynyň üçünji ongünlüginden gelmegi sebäp bolupdyr.

Degişli maglumat 2020: Ak bugdaý-Bäherden aralygynda 5 mln, galan dört welaýatda 5 mln düýp bag ekiler

“Lebapda bag nahallary 21-nji martda oturdylsa, onda olar düýp tutmaýar, baglar ýaprak çykarýar we giç bolýar” diýip, habarçy bagbanyň sözüni getirdi.

31-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurtda 10 million düýp bag nahalyny ekmek baradaky karara gol çekdi. TDH bu kararyň milli Tokaý programmasynyň çäginde, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Çölleşmä garşy millionlarça agaç ekilýän Türkmenistanda dürli tagamlar sazagyň odunda taýýarlanýar

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistan, resmi maglumata görä, her ýyl 3 million bag nahalyny ekýärdi. Prezidentiň soňky karary bu ýyl 7 million bag nahalynyň öňki ýyllardaka garanda köp ekiljekdigini görkezýär.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň hasabyna satyn alynýan bag nahallarynyň aglaba böleginiň idegsizlikden guraýandygy barada indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.

“Iň gynandyryjy ýagdaý ekilýän baglar düýp tutman guradylýar. Hakykatda, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri her ýyl millionlap bag ekilen bolsa, Türkmenistan häzir Şweýsariýa bolmaly” diýip, lebaply bagban Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.