Türkmenistanyň aeroportunda ýolagçylaryň gyzgyny barlanýar, karantine ugradylýar, adamlar barlagdan gorkýar

Türkmenabat şäheriniň halkara aeroporty

Türkmenabada gonýan uçarlaryň ýolagçylary koronawirus bilen baglylykda gyzgyn barlagyndan geçýärler, gyzgyny bolanlar we olaryň ýanyndaky ýolagçylar dessine karantine ugradylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. Daşary ýurtlardan Aşgabada gatnaýan reýsleriň ählisi soňky günlerde Türkmenabada geçirildi käbirleri doly ýatyryldy.

Habarçylarymyz Türkmenabadyň aeroportunda bolýan ýagdaýlaryň käbir jikme-jiklerini anykladylar. Olaryň sözlerine görä, aeroportda koronawirusy anyklamak boýunça barlaglar ýolagçylaryň gyzgynyny barlamakdan ybarat bolup durýar, gyzyny tapylan ýolagçylar karantine iberilýär.

  • 6-njy martda anna güni Moskwadan gelen türkmen uçary Türkmenistana gelip gondy, dört adamda 37,2 gyzgyny tapyldy we ýolagçylaryň ählisini ýerli ýokanç keseller hassahanasyna iberdiler.
  • 7-nji martda şenbe güni Moskwadan 23:50-de gelen türkmen reýsi hem Türkmenabada geldi, ähli ýolagçylaryň gyzgynyny gradusnik goýup ölçediler. Olaryň gyzgynyny Mokswada hem 3 gezek barladylar, uçaryň howada bolan wagtynda hem 3 gezek barladylar. Soň gije sagat 2-de olar şol bir uçar bilen Aşgabada gitdiler. Olaryň ählisiniň gyzgyny kadalydy.
  • ​7-nji martda Türkmenabada türkiýeli we belarusly reýsler hem gelipdi. Olar ýatyrylýança tas boş gatnapdy, Türkmenistanyň raýatlary ol goýberilmändi, emma ol ýerde getirilýärdi. Aşgabada derek Türkmenabada ugradylan reýsler, ýolagçylaryň sagdyn bolan ýagdaýynda şol ýerde saklandy, emma soňra şol bir uçar bilen Aşgabada alnyp baryldy.
  • 9-njy martda öýlän sagat 17:30 töwereginde Moskwadan Türkmenabada baran "Türkmenhowaýollarynyň" uçary şol ýerde ençeme sagatlap saklandy. Aeroportda koronawirusy anyklamak boýunça barlaglara sezewar edilen bu uçaryň ýolagçylaryna diňe ertesi Aşgabada ugradyljakdygy mälim edildi.
Degişli maglumat Türkmenistan koronawirusa garşy çärelerini pugtalandyrdy

6-njy martda Stambuldan Aşgabada uçan 322-nji reýsiň ýolagçysy Azatlyk Radiosyna öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi:

- Meniň biledim Stambuldan Aşgabadady. Türk howaýollarynyň uçary 6-njy martda irden Lebapda gondy. Uçaryň içinde 30-40 adam bardy, şol sanda diplomatlar. ​Käbirlerini geçirdiler, käbirlerini geçirmediler. Käbirleri aeroportyň işgärleri we lukmanlar daşyny gabap gykylyklap, zor bilen alyp gitdiler. Geçirilmedik ýolagçylary uçara mündürdiler we yzyna Türkýä ugratdylar - diýip, Azatlyk Radiosy bilen efirde adynyň tutulmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly özüniň indi Türkiýede galandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenabadyň aeroportunda barlagdan geçirilýän ýolagçylaryň el goşlaryndan azyk önümlerini, dermanlary alýarlar, şeýle-de "Duty free" salgytsyz dükanlardan satyn alnan içgileri, atyrlary we kosmetikany alyp galýarlar.

Şol bir wagtda-da, ýolagçylaryň arasynda gorky artýar.

- Moskwanyň Domodedowo aeroportunda gartaşan adamlar, ilkinji noabtda zenanlar öz ýaşy sebäpli derleýärdi, olar gyzgynlary ýokarlanmaz ýaly özlerini biraz sowatmaga synanyşýardy, özlerini ýelpeýärdi, sowuk aýna maňlaýlaryny direýärdi - diýip, habarçylarymyzyň biri gürrüň berýär.

Degişli maglumat Türkmen resmileri koronawirusa garşy edýän işleri barada daşary ýurtlulara habar berdiler

5-nji martda Daşary işler ministrligi ýurtda koronawirus sebäpli kesellän ýa-da COVID-19 wirusy ýokaşan bolmakda güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny daşary ýurtly diplomatlara habar berdi.

Muňa garamazdan, koronawirusyň ýaýramazlygy üçin çäreleri güýçlendirler. Goňşy ýurtlar bilen serhetler doly ýapyldy, köpçülikleýin çäreler çäklendirildi.

Habarçylarymyz häzirki wagtda türmelere bendileri görmek üçin barýanlar goýberilmeýär, diňe yzyndan eltilen zatlar geçirilýär.

Şeýle-de, şu ýyl haj zyýaratyna gitmäge taýýarlanýan zyýaratçylara Mekkä saparyň bolmazlygynyň ähtimaldygy duýduryldy. Hususan-da, Lebap welaýatynyň din meseleleri boýunça resmileri bu habary dinçilere ýetirmegi ýerli ymamlara tabşyrdylar. Saud Arabystanynda azyndan 11 adamda koronawirus tapyldy. Bu ýurduň hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirdi, şol sanda 9-njy martdan başlap, mekdepleri ýapmak kararyny yglan etdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri koronawirus bilen bagly dünýädäki ýagdaýlar barada habar etmeýärler, şeýle-de özleriniň alyp barýan çäreleri barada düşündiriş bermeýärler. Bu ýagdaýda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary karantin zonalarynda ýüzlerçe adamyň saklanýandygyny habar berdiler.

3-nji martda çeşmelerimiz Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda azyndan iki adamda koronawirusyň anyklanandygyny habar berdiler.

Soňky günlerde Türkmenabadyň çetindäki ýokanç keseller hassahanasynyň ýanynda döredilen karantin zonasynda dikilen çadyrlaryň we saklanýan adamlaryň sany köpelipdir. Bu ýerde saklanýan adamlaryň karantinde bolmagynyň möhleti uzaldylyp, 10-njy martda mälim bolşuna görä, 28 güne ýetirilipdir.

Degişli maglumat Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýüze çykandygy habar berilýär, saglyk resmileri ret edýär

9-njy martda hökümetçi "Türkmenportal" neşri halkara uçarlarynyň Aşgabatdan Türkmenabada geçirilmeginiň ýurda koronawirusyň getirilmeginiň hem onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin edilendigini we Türkmenabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylary barlamak üçin ähli şertleriň bardygyny habar berdi.

Türkmenabat şäheri paýtagt Aşgabatdan 580 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.