Italiýa COVID-19 atlandyrylýan täze respirator keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ozal ýurduň diňe demirgazygyna degişli bolan syýahat çäklendirmesini indi tutuş ýurtda girizdi.
9-njy martda giçlik Italiýanyň premýer-ministri Giuseppe Conte karara gol goýdy. Bu karara laýyklykda, Italiýada öz ýaşaýan ýerinden başga ýere gitjek adamlardan iş, saglyk ýa-da beýleki çäkli ýagdaýlar sebäpli sapar etmegiň zerurdygyny görkezmek talap edilýär diýlip, AP neşiri habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistan koronawirusa garşy çärelerini pugtalandyrdyOl täze koronawirusa garşy göreşmek üçin italýanlara “öýde oturmagy” tabşyrdy we köpçülikleýin ýygnanyşyklary, şeýle-de ýurduň iň ýokary ligasyndaky Seriýa A futbol duşuşyklaryny gadagan etdi. Italiýada bu wirus 9172 adama ýokuşdy we ondan 463 adam öldi.
Geçen ýylyň dekabrynda Hytaýda dörän bu wirus dünýäniň azyndan 106 ýurdyna ýaýrady. Bu wirus 113000-den gowrak adama ýokuşdy we ondan 4000-den gowrak adam öldi.
"Men gysgaça aýdylanda, şular ýaly görnüşde jemläp boljak karara gol çekýärin: Men öýde galýaryn" diýip, Conte Ýewropa Bileleşiginiň agzasy ýurduň 60 million ilatyna ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy.
"Professional sebäplere, zerurlyklara ýa-da saglyk ýagdaýlaryna esaslanmasa, tutuş ýarymadada syýahatdan gaça durulmaly" diýip, ol belledi.
Bu karar 3-nji aprele çenli öz güýjünde saklanýar we bu geçen hepde 15-nji marta çenli ýapylan mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň ählisiniň öňümizdäki aýa çenli açylmajakdygyny aňladýar.
“Biziň wagtymyz ýok. Sanlar [wirus] ýokuşan we ondan ölen ýa-da intensiw saglyk gözegçiliginde saklanýanlaryň sanynyň ýiti derejede artandygyny görkezýär. Häzir biziň endiklerimiz dessine üýtgedilmeli. Biz Italiýa üçin käbir zatlardan dänmeli” diýip, Conte aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.