“Belawia” awiakompaniýasy Minskden Aşgabada uçar gatnawyny togtatdy

Türkmenistana gelýän uçarlaryň ýene biri kemeldi.

“Belawia” awiakompaniýasy Minskden Aşgabada uçar gatnawyny wagtlaýyn togtatdy diýip, “34travel” belarus uçar kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasaryna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, uçar gatnawynyň wagtlaýyn togtadylmagynyň sebäbi koronowirus aladalary bilen bagly.

“Biz bu synaga reaksiýa bildirýäris, nämeleriň bolup geçýändigine syn edýäris. Biz Milan bilen aradaky uçar gatnawlarynyň ýygjamlygyny biraz azaltdyk we häzir Aşgabada amala aşyrýan uçar gatnawymyzy togtatdyk. Häzirkiçe başga çözgüt ýok” diýip, “Belawianyň baş direktorynyň orunbasary Igor Çergines aýtdy.

Belarus awiakompaniýasy Minsk-Aşgabat-Minsk uçar gatnawyny hepdede bir gezek,“Boeing 737” uçary arkaly yzygiderli amala aşyrýardy. Ýagny uçar türkmen paýtagtyna ikinji gün uçup, üçünji gün yzyna, Minskä gelýärdi.

“Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabatdan Minskä uçýan uçary häzirki pursatda öz gatnawlaryny amala aşyrýar diýip, habarda aýdylýar.