Koronowirus sebäpli gyssanmaç satyn almalar azyk nyrhlarynyň ýokarlanmagyna we haryt ýetmezçiligine getirenden soň, Täjigistanyň häkimiýetleri ýurduň ilatyny ýeterlik azyk ätiýaçlyklarynyň bardygyna ynandyrmaga çalyşýarlar.
Saglyk we sosial üpjünçilik ministrligi 5-nji martda Täjigistanda ýurduň 9 million ilatyny iki ýyllap naharlap boljak azygyň bardygyny aýtdy.
Ykdysadyýet we söwda ministrligi bolsa, adamlary azyk ýetmezçiligi baradaky “esassyz gybatlara ynanmazlyga” çagyrdy.
Bu beýanatlar 4-nji martda köpelen gyssanmaç azyk satyn almalaryndan soň edildi.
Täjikler 4-nji martda azyk ätiýaçlygyny edinmek üçin bazarlara dökülip, unuň we beýleki gündelik azyk önümleriniň bahalarynyň birden ýokary galmagyna we gytalmagyna sebäp boldular.
Bahalar 5-nji martda kadalaşmaga başlady.
Gyssagly satyn almalar metjitlerde namaz okamagy togtatmak we koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda görlen beýleki çärelerden soň başlandy.
Şeýle-de hökümet ýetip gelýän Nowruz baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralary paýtagt Duşenbede goýbolsun etdi.
Hytaý bilen serhetdeş Täjigistanda koronowirus ýokuşan adamyň bardygy aýdylmady. Hytaýdan uç alan wirus 3 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp boldy, müňlerçe adama ýokuşdy.