Dynç alyşdaky özbek harbysy watana dönüklikde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi

Wladimir Kaloşin

Polkownik Wladimir Kaloşin, özbek goşunynyň dynç alyşdaky ofiseri ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen sud seljerişliginde, watana dönüklik aýyplamalary esasynda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Kaloşiniň Moskwada ýaşaýan gyzy Anastasiýa Ýepişewa 5-nji martda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolup, öz kakasynyň bir gün öň Daşkentde günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy.

Ol özüniň jenaýat işiniň jikme-jikliklerinden habarynyň ýokdugyny aýtdy. Ýepişewanyň tassyklamagyna görä, Özbegistanyň Harby sudy onuň kakasyny harby çininden, polkownik derejesinden hem mahrum etdi.

Ol kakasynyň aklawçysyna salgylanyp, Kaloşiniň sudda özüne ýüklenen aýyplamalry ret edendigini we hökümden mümkin bolan ähli suda, şol sanda halkara sudlaryna hem şikaýat etjekdigini aýdandygyny habar berdi.

Aklawçylar, bu işiň materiallary barada maglumat bermezlige kasam edendikleri sebäpli, suduň detallary barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Kaloşin 1992-nji ýyldan 2012-nji ýylda pensiýa çykýança Içeri işler ministrliginiň “Watanparwar” gazetinde habarçy bolup işledi.