“Ene mähri” ordeni berlen köp çagaly enelere wada berlen jaýa derek mellek ýeri hödürlenýär

Illýustrasiýa suraty

Ahal welaýatynda “Ene mähri” diýen hormatly at dakylan köp çagaly eneleriň 10-a golaýy özlerine wada berlen ýaşaýyş jaýlaryny alyp bilmän kösenýär. Bu barada ahally eneleriň ençemesi howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda 223 zenana ‘Ene mähri’ ordeni gowşuruldy

“Ahalyň Babadaýhan etrabynyň ‘Alty Garlyýew’ we ‘Akwekil’ ýaly daýhan birleşiklerinde 10 töweregi aýala ‘Ene mähri’ ordeni gowşuryldy. Olara orden gowşurylanda, döwlet tarapyndan ýeňilleşdirilen şertde, ähli amatlygy bolan taýyn jaýlary bermek wadasy berildi. Ýöne bu wada tas 10 ýyl bäri ýerine ýetirilmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan ahally habarçy köp çagaly enelere salgylanyp, 4-nji martda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, ýerli resmiler jaýlaryň berilmezliginiň sebäplerini häkimligiň býujetinde ‘Ene mähri’ ordeni alan eneler üçin jaý gurmaga häzirlikçe ýeterlik puluň ýokdugy bilen düşündirýärler. Şeýle-de, olar enelere jaýa derek guma ýakyn çetden, ýagny suw, elektrik energiýasy we gaz çekilmedik ýerden mellek ýerini hödürleýärler.

“Bu ýerlerden köp çagaly enelere 8 gektar mellek ýerini teklip edýärler. Ýöne köp çagaly eneler ol ýerlerde gurluşyk etmäne köp çykdajy etmeli boljakdygyny aýdýarlar. Gurluşyk harytlarynyň bahasy hem ‘keýigiň şahyna çykdy’. Üstesine-de, bu ýere heniz gaz, suw we elektrik togy çekilmedi” diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, köp çagaly eneler “ýurduň tas ähli pudagyna ornaşan korrupsiýa bu ýerde-de duş gelse bolýandygyny” aýdyp, maddy mümkinçiligi gowy bolan käbir maşgalalaryň ýerli resmilere “para berip”, etrap merkezinden jaý alandygyny hem bellediler.

Degişli maglumat Köp çagaly eneler hem sylaglanýar, hem 'ala tutulýar'

“Häzir çagasynyň kaşasyna zordan pul tapýan eneler bar. Olaryň para berip, jaý almaga mümkinçiligi ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada Babadaýhan etrap we Ahal welaýat häkimliklerinden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda “Ene mähri” diýen hormatly at prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2008-nji ýylda döredildi. Bu ada 8 we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlar mynasyp bolýarlar.

2008-nji ýyldan bäri her ýylyň mart aýynda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleriň ýüzlerçesine “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň maglumatlaryna görä, bu ada mynasyp bolan enelere “ýokary amatlykly jaýlaryň açarlary gowşurylýar” we ýurtdaky iň pes aýlygyň on essesi möçberinde pul sylagy berilýär.

Mundanam başga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bu hormatly ada mynasyp bolan enelere medisina kömegini bermek ýaly bir topar ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Emma ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýokarda agzalan pul sowgadynyň we medisina kömeginiň diňe bir gezeklik göz öňünde tutulandygyny, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň hem köp çagaly eneleriň ählisine gowşurylmaýandygyny, indi ençeme ýyl bäri aýdyp gelýärler.

Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 7-nji martynda gol çeken permanyna laýyklykda, 2019-njy ýylda ýurtda 223 zenana “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şonda resmi media köp çagaly maşgalalara “döwrebap öýleriň açarlarynyň gowşurylandygyny” aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.