Aşgabatda ýerzeminlerde ýerleşýän dükanlar ýapylýar

Aşgabadyň azyk dükany

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde ýerleşýän dükanlar we kärhanalar ýapylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, 2-nji martda paýtagtyň Parahat-2/3 etrapçasynda azyndan iki sany azyk dükany we bir sany dellekhana ýapylypdyr.

Möhürlenen dükanyň gapysynda ýerleşdirilen çakylyk haty

"Ýerzeminlerde ýerleşýän iki sany täze hususy dükanlarda möhür gördüm. Olar Parahat 2/3-de bir jaýda ýerleşýär" diýip, habarçymyz habar berdi we ýapylan dellekhananyň hem golaýdaky jaýlaryň birinde ýerleşýändigini belledi.

Häzirki wagtda dükanlaryň gapylary möhürlenen. Möhüriň kim tarapyndan we haçan basylandygyny anyklap bolmady.

Möhürlenen dükanyň gapysynda ýerleşdirilen çakylyk haty

Ýapylan dükanlaryň gapylarynda ýerleşdirilen bildirişlerden çen tutulsa, bu çagyryş hatlary üçin ulanylan blanklar 2017-nji ýylda çap edilen bolmaly.

Olaryň mazmunyna görä, kimdir biri Oguzhan köçesi 199-njy jaýyna Köpetdag etrabynyň häkimligine barmaga çagyrylýar.

Bu bildirişlerde görkezilen telefon nomerlerine jaň edip, çykyp bolmady. Azatlyk Radiosy Köpetdag etrabynyň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinden hem resmi maglumat alyp bilmedi.

Aşgabatdaky habarçymyz ýapylan dükanlaryň birinde gök-önüm, bakaleýa önümleri we arassaçylyk serişdeleri ýaly harytlaryň satylandygyny we onuň alyjylaryň talabyny ödeýän dükan bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanda kiçi dükanlaryň, hyzmat ugruna degişli kärhanalaryň we käfe-naharhanalaryň ýapylmagy bilen bagly ýagdaý yzygiderli ýüze çykýar.

Geçen ýylyň awgust aýynda onlarça kafe we restoran birden ýapylypdy.

Degişli maglumat Parahat etrapçalarynyň hususy dükanlary we kärhanalary köpçülikleýin ýapyldy

Sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtyň merkezi etraplarynda öňünden duýdurylmazdan onlarça hususy dükan we kärhana ýapylyp, olaryň gapylaryna möhür basylypdy.

Dekabr aýynda Daşogzuň häkimiýetleri ýerli kafeleriň, restoranlaryň we barlaryň eýelerine öz kärhanalaryny baýramçylyk günlerinde ýapmagy buýurdylar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde, şol sanda Parahat etrapçalarynda ýerleşýän hususy dükanlar, hyzmat ugrundan işleýän kärhanalar 2019-njy ýylyň maý aýynda-da köpçülikleýin ýapylypdy. Şonda häkimligiň işgärleri bir gijäniň dowamynda şäheriň merkezi etraplarynda ýerleşýän dükanlaryň onlarçasynyň gapylaryny möhürläpdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna mälim bolşuna görä, şonda telekeçilerden öz kärhanalaryny şäheriň çetine geçirmek talap edilipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.