Tussaglykdaky gyrgyz syýasatçysynyň tarapdarlary Bişkekde ýöriş geçirip, onuň boşadylmagyny talap etdiler

Tussaglykdaky gyrgyz syýasatçysy Sadyr Japarowyň tarapdarlary ýöriş geçirýär. 2-nji mart, 2020 ý.

Tussaglykdaky gyrgyz syýasatçysy Sadyr Japarowyň tarapdarlary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň merkezinde ýöriş geçirip, onuň derhal boşadylmagyny talap etdiler.

2-nji martda Bişkegiň “Ala-Tu” meýdanynda ýüzlerçe adam üýşdi. Olar bu ýerde hökümetiň işden çekilmegini we konstitusiýanyň üýtgedilmegini hem talap etdiler.

Ýörişe gatnaşýan gyrgyz parlamentiniň öňki spikeri Mukar Çolponbaýew “ýurtdaky ençeme problemany ýok etmek üçin konstitusiýanyň üýtgedilmelidigini” aýtdy. Ol we proteste gatnaşýan beýleki adamlar konstitusiýada nämäni üýtgetmek isleýändiklerini aýdyňlaşdyrmadylar.

Bişkegiň sudy öňki kanunçykaryjy Sadyr Japarowy 2013-nji ýylda Kumtor altyn käniniň töwereginde bolan protestler döwründe hökümet resmisini zamun almakda günäli tapyp, 11 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Japarow bu aýyplamalary düýbünden ret edip, olaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

2019-njy ýylyň aprelinde Gyrgyzystanyň Ýokary sudy Japarowyň türme tussaglygyny 18 aýa kemeltdi.