“Türkmenhowaýollary” ýatyrylan Aşgabat – Stambul – Aşgabat uçar gatnawlaryna öňünden bilet satyn alan ýolagçylaryň pullaryny yzyna gaýtaryp bermeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.
Ýatlasak, çarşenbe güni “Türkmenhowaýollary” gullugynyň wekili 26-njy fewral – 30-njy mart aralygynda ähli Stambul gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar beripdi.
Ol bu çäräni koronawirus keseliniň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen düşündirdi. Türkiýede koronawirus bilen bagly hadysa heniz hasaba alynmady. Şol bir wagtyň özünde, “Türkhowaýollary” Türkmenistana amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň ählisine üznüksiz dowam edýär.
Degişli maglumat “Türkmenhowaýollary” Stambul gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdyBu maglumatlaryň yzýany, Turkmen.News neşiri Aşgabadyň awiakassasyna salgylanyp, milli daşaýjynyň diňe T5901 belgili Stambul gatnawynyň martyň aýagyna çenli togtadylandygyny habar berdi. Ýöne flightradar24.com saýtynyň maglumatlaryna görä, gullugyň T5901 gatnawly uçary diňe 26-njy fewralda ýatyrylyp, ol 27-nji fewral güni Stambul uçuşyny ýerine ýetirdi.
Saýtyň maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, “Türkmenhowaýollary” Türkiýe bilen aradaky ähli uçar gatnawlaryna dowam edýär.
Kompaniýanyň wekili 26-njy fewralda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Aşgabat – Stambul – Aşgabat gatnawlarynyň ählisiniň wagtlaýyn togtadylýandygyny nygtap aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu maglumatlardan bir gün soň, 27-nji fewral güni ýurt içinden beren maglumatynda Stambula öňünden bilet satyn alan ýolagçylaryň pullarynyň, häzirki wagtda, yzyna gaýtarylyp berilmeýändigini aýtdy.
26-njy fewralda "Türkmenhowaýollarynyň" T5901 belgili Aşgabat-Stambul gatnawynyň ýatyrylmagynyň yazýany, kompaniýa ýatyrylan reýsler üçin ýolagçylaryň öňünden satyn alan biletleriniň pullaryny yzyna gaýtaryp bermeýär.
“Ýatyrylan Stambul gatnawlarynyň ýolagçylaryna pullary gaýtarylyp berilmeýär. ‘Türkmenhowaýollarynyň’ kassasynda bu meseläniň çözüljekdigini aýdýarlar, ýöne pullaryny dessine yzyna gaýtaryp bermeýärler. Adamlar örän nägile, ýöne olar öz nägileliklerini aýtmaz ýaly, polisiýa jemendäni synlaýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Degişli maglumat Daşary ýurda barýan raýatlaryň Aşgabatda ýollary baglanýan wagty, häkimiýet bilen halkyň arasynda araçylar para bilen “ýol açýar”
Stambul gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygy baradaky habaryň yzýany, Flightradar24.com saýtynyň maglumatyna görä, 26-njy fewral güni Aşgabat wagty bilen sagat 20:00 töwereklerinde Aşgabatdan Stambula barýan "Türkmenhowaýollaryna" degişli T5921 gatnawly uçar hem Balkan welaýatynyň howa giňişliginde hasaba alyndy.
Uçar gatnawlarynyň töweregindäki maglumatlar boýunça Türkmenistanyň howa gatnawlarynyň baş gullugy resmi beýanat ýaýratmady.
Ýatlasak, 30-njy ýanwarda pandemiýa howpuna eýe bolan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda "Türkmenhowaýollary" Pekin we Bankok uçar gatnawlaryny näbelli möhlete çenli ýatyrdy.
Galyberse-de, kompaniýanyň websaýtyndaky resmi beýanatlardan mälim bolşuna görä, milli daşaýjy ýanwaryň başynda Eýranyň howa giňişligindäki dartgynly ýagdaýlar sebäpli, 10-njy ýanwarda Abu Dabi, 13-nji ýanwarda Dubaý uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy. Bu gatnawlar, resmi maglumata görä, degişlilikde 2-nji fewralda we 5-nji fewralda täzeden dikeldildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.