Türkmenistan ýurtda gytçylyga öwrülen gorag maskalaryny Hytaýa satýar

Türkmenistanda gorag maskalarynyň bahasy 5-den 10 manada çenli ýokarlandy.

Hytaý, koronawirus krizisiniň fonunda, Türkmenistandan umumy bahasy 200 müň dollarlyk 1 million gorag maskasyny satyn aldy. Bu barada turkmenistan.ru internet neşiri Türkmenistanyň Haryt we çyg-mal biržasyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, üç gatdan ybarat, bir gezek üçin ulanmaga niýetlenen maskalar ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli edaralarda öndürilipdir.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda medisina maskalarynyň we wiruslara garşy dermanlaryň tiz gutarýandygyny, dermanhanalarda däri-dermanlaryň gytçylygynyň döreýändigini aýdýarlar.

Mundan başga-da, soňky günlerde Türkmenistanda gorag maskalarynyň bahasy iki esse, 5-den 10 manada çenli ýokarlandy.

Degişli maglumat Türkmenistanda koronawirus howpy barada ýazmaça maglumat paýlaýarlar, Hytaýdan baranlar karantine salynýar

Belläp geçsek, Gazagystan, koronawirus sebäpli maskalaryň goňşy Hytaýa satylmagy köpelensoň, olaryň eksportyny gadagan edipdi.

Bu aralykda, Pekin soňky bir günüň dowamynda wirusa täze 1 müň 886 adamyň ýolugandygyny we ondan 98 adamyň ölendigini habar berdi.

Hytaýda koronawirusdan ölenleriň umumy sany 1 müň 900-a, oňa ýoluganlaryň sany hem 72 müň 500-e golaýlady.