Ozalky Sowet Soýuzynda esaslandyrylan ilkinji garaşsyz teatrlaryň biri bolan Daşkendiň Ylham Teatry, özbek prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewanyň bu baradaky dawa gatyşmagyndan soň, özüniň ýerleşýän taryhy jaýyny saklap galdy.
“Meniň özüm bu teatryň muşdagy we men munuň gözden düşürilmejekdigine her kimi ynandyrasym gelýär! [Ylham] biziň medeni durmuşymyzyň buýsanjydyr!” diýip, Mirziýoýewa 11-nji fewralda özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
Teatryň ýerleşýän jaýynyň eýesi Ofelos Plaza, göz öňünde tutulýan gurluşyk işleri üçin, onuň aprele çenli binany boşatmalydygy barada duýduryş berdi. Teatr Daşkendiň etegindäki bu binada 40 ýyl çemesi wagt oýun goýýardy.
“1976-njy ýylda hökümetiň teatryň esaslandyryjysy Mark Weile beren bu jaýyny ýitirmek – Ylham üçin ölüm hökümi diýmekdir” diýip, teatr özüniň websaýtynda ýazgy galdyrdy.
Munuň yzýany Özbegistandaky, Russiýadaky we beýleki döwletlerdäki görnükli wekiller, şol sanda Britaniýanyň Özbegistandaky ilçisi Tim Torlot özbek resmilerine ýüzlenip, teatry saklap galmak barada çagyryş etdiler.
Emma, prezidentiň gyzynyň bu baradaky dawa girmeginden birnäçe sagat soň teatryň ykbaly çözüldi. Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow teatryň art-direktory Boris Gafurow we Ofelos Plazanyň esaslandyryjysy Olga Şawrina bilen duşuşdy we teatryň taryhy ýeriniň saklanyp galjakdygyny yglan etdi.