Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Aşgabatdaky edarasynyň bir işgäri ýakyn wagtda dollaryň resmi kursunyň ýokarlanjakdygyny aýdýar. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan bank işgäri bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat ‘Halkbankyň’ öňünde VISA kartlaryny almak we oňa pul salmak isleýän adamlaryň uly nobatlary saklanýar“Şu günler ýurduň Merkezi bankynda dollaryň kursyny 8 ýa-da 10 manada çykarmak barada maslahatlar geçirilýär. Munuň mart ýa-da aprel aýynda güýje giriziljekdigi aýdylýar” diýip, bank işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Onuň sözüne görä, dollaryň täze kursy, soňky ýyllarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň okuw töleglerine we beýleki döwlet pul geçirimlerine degişli bolup, ony nagt satyn alyp bolmaz.
“Bu çäre esasan-da daşary döwletlerde okaýan studentleriň ene-atalaryna we hossarlaryna agram salar. Sebäbi indi olar dollary 3,5 manatdan däl-de, 2 ýarym ýa-da üç esse gymmatdan satyn almaly bolarlar. Bu daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň sanyny azaltmak üçin edilýän çärä meňzeýär” diýip, bank işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary Türkmenistanyň Merkezi bankyna resmi derejede tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Bu aralykda, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň hem gymmatlajakdygy barada gürrüňleriň bardygyny aýtdy. Ol bu sebäpli Türkmenabat şäherinde “gara bazar” söwdegärleriniň dollary satyn alýandygyny, ýöne ony satmakdan saklanýandygyny belleýär.
“Şäheriň “gara bazarlarynda” 1 amerikan dollaryny 20 manat 20 teňňeden satyn alýarlar. Emma söwdegärler onuň bahasynyň gymmatlajakdygyny aýdyp, ony satmaýarlar” diýip, lebaply habarçy 10-njy fewralda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Daşary ýurtlarda ikinji ýokary okuw okaýan türkmenistanlylara pul ibermek bilen bagly täze çäklendirme girizildiTürkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursuny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manat möçberinde saklap gelýär. 2016-njy ýylyň ýanwarynda bolsa, ýurtda dollaryň resmi söwdasy ýatyryldy. Şondan soň onuň satuwy bilen bagly ençeme çäklendirme girizilenden soňra, dollaryň “gara bazardaky” nyrhy 6 esse çemesi gymmatlap, 20 manada ýetdi.
Dollar çäklendirmesiniň we gymmatçylygynyň fonunda, ýurt raýatlary türkmen banklaryndan Visa kartlary almak arkaly, her aýda belli bir möçberdäki manady öz walýuta hasabyna goýup bilýärler. Soňra olar bu serişdäni daşary ýurtlarda dollarda nagtlaşdyryp ýa-da daşary döwletlerde okaýan çagalaryna iberip bilýärler.
Türkmenistanda dollaryň resmi kursunyň ýokarlandyryljakdygy baradaky maglumatlar ýurtda VISA kartlaryny almak we oňa pul salmak isleýän adamlaryň köpelýändigi hakdaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky, Marydaky we Lebapdaky habarçylary ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri banklaryň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň saklanyp galýandygyny birnäçe gezek habar berdiler.
Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri dollaryň bikanun söwdasy bilen meşgullanýan raýatlara garşy gözegçiligi hem güýçlendirýärler.
Türkmenistan soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.
Halkara pul gaznasynyň geçen ýylyň 14-nji noýabrynda çap eden beýanatynda Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.