ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Yragyň Najaf şäherinde protestçilere garşy edilen sütemkärligiň Waşingtonyň “gahar-gazabyny döredendigini” aýtdy.
Pompeonyň 6-njy fewraldaky beýanatyndan bir gün öň, şaýy ruhanasy Muktada al-Sadryň goldawçylary hökümete garşy protestçileriň lagerine hüjüm edip, azydan sekiz yrakly demonstranty öldüripdi.
Populist Sadr ilki demonstrantlary goldapdy. Emma mundan birnäçe gün öň, ol protestçilerden bölünip, ýurduň premýer-ministri diýlip bellenen Mohammed Tawfik Allawini goldap başlady.
Sadr ozal Yrakdaky ähli daşarky güýçlere garşy çykýandygyny aýtsa-da, soňky döwür Tähran tarapyndan goldanylýan partiýalar bilen ýakynlaşyp başlady.
Eýranyň Yrakdaky şaýy ilatynyň arasynda uly täsiri bolup, ol ýurduň içindäki milisiýa toparlaryny hem goldaýar.
Bagdad ýurda möhüm ykdysady we harby hemaýaty berýän Waşington, şeýle-de Eýran bilen gatnaşyklarynda deňagramlygy saklamaga synanyşýar.
Najafdaky çaknyşyklar Yrakdaky adam pidaly gapma-garşylyklaryň iň soňkusydyr. Ençeme aýlap hökümete garşy protestçiler daşarky güýçleriň täsiriniň tamamlanmagyny we “saýlantgy” diýip atlandyran syýasatçylarynyň çekilmegini talap edip demonstrasiýa geçirýärler.
Howpsuzlyk güýçleriniň protestleri gazaply basyp ýatyrmagy netijesinde ýüzlerçe demonstrant öldürildi.