Lebapda ýaşy 40-dan aşan erkek işgärlerden ‘Arkadagyňky ýaly’ çal saçly bolmak talap edilýär

Dellekhana (illýustrasiýa suraty).

Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda ýaşy 40-dan aşan erkek işgärlere saçlaryny gara reňke boýamak gadagan edildi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy saçynyň tebigy reňki gara bolan işgärlerden bolsa, ony çal reňke boýamagyň talap edilýändigini aýtdy.

Degişli maglumat “Çalyň elli öwüşgini”: Berdimuhamedowyň saçynyň reňki birden çala çalaryp başlady

“Welaýatyň tas ähli etrabyndaky pudak edaralarynda, şol sanda mekdeplerde, saglygy saklaýyş bölümlerde işleýän we saçlarynyň agyny gizlemek üçin gara reňke boýan raýatlardan saçlaryny tebigy reňkine geçirmek berk talap edilýär. Bu talap 1-nji fewraldan güýçlenip başlady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji fewralda gürrüň berdi.

Lebaply býujet işgärleriniň, şol sanda Farap etrabynyň saglyk işgärleriniň we mekdep mugallymlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň sözüne görä, bu gadagançylyk dilden berlen görkezme esasynda talap edilýär.

Aýdylşyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary munuň sebäplerini prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “saçynyň çalarmagy bilen” düşündirýärler.

“Edara ýolbaşçylary haçanam bolsa bir gün ‘Arkadag’ Lebap welaýatyna sapar edäýse, onuň gatnaşýan çärelerine çal saçly adamlar adatdakydan köp gatnaşdyrylar diýýärler” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan faraply býujet işgärleriniň biriniň sözüni sitirledi.

Býujet işgärleri edara ýolbaşçylarynyň özlerinden Berdimuhamedowyň saçynyň doýgun gara reňkde bolan döwründe saçlaryny gara reňke boýamagy, indi bolsa munuň tersini talap edýändigini aýdyp, bu ýagdaýdan nägile bolýarlar.

“Häzirki döwür saçyny gara reňke boýaýanlar köp. Sebäbi mundan 2 ýyl çemesi ozal edara ýolbaşçylary çal saçly işgärleriň saçlaryny mejbury gara reňke boýatdylar. Adamlar işini ýitirmekden gorkup, saçlaryny gara reňke boýadypdylar. Ýöne häzirki wagt işgärleriň saçynyň tebigy reňki gara bolsa-da, ony çal reňke boýamak talap edilýär” diýip, faraply býujet işgäri aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabadyň dellekhanalaryna erkekleriň saçyny boýamakdan saklanmak tabşyryldy

Azatlyk Radiosy bu gadagançylyk we talap, şeýle-de onuň sebäpleri barada Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi. Şeýle gadagançylygyň ýa-da talabyň bardygy barada döwlet metbugatynda hem maglumat göze ilmeýär.

Ýatlatsak, 2018-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ýerli mediada hem-de metbugat serişdelerinde Berdimuhamedow birden çala çalaran gara saçly keşbde çykyş edip başlady. Ondan öň ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdelerinde türkmen prezidenti doýgun gara saçly görkezilýärdi.

Soňky 1 ýarym ýylyň dowamynda ýerli metbugatdaky suratlarda hem-de wideo şekillerde Berdimuhamedowyň çala çalaran saçy doly diýen ýaly çal reňke öwrüldi.

Berdimuhamedow çala çalaran saçly keşbde çykyş edip başlandan soňra, has takygy 2018-nji awgustynda Aşgabadyň ýörite gözellik salonlarynda we erkekler üçin niýetlenen dellekhanalarynda erkek müşderileriň saçyny boýamak gadagan edildi.

2019-njy ýylyň ýanwarynda bolsa, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda, ýokary okuw jaýlarynda we mekdeplerinde prezidentiň portretini çalyşmak işlerini tiz ýerine ýetirmek talap edildi.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işleýän erkek adamlara saçlaryny ösdürmek we sakgal goýbermek hem indi ençeme ýyl bäri gadagan edilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.