Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Reşit Meredow sebitdäki howpsuzlyk, hyzmatdaşly mesleslerini maslahatlaşmak üçin 1-nji fewralda Kabula baryp, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk, gaz we elektrik geçiriji taslamalaryny amala aşyrmak meseleleri hakynda gürrüň edildi.
Türkmen ministriniň owgan prezidenti bilen duşuşygy owgan resmisiniň geçen aýyň aýagynda TOPH geçirijisiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlap bolmajakdygy barada aýdan sözleriniň yz ýanyna gabat geldi.
“Biziň geçiren derňewimizden belli bolşuna görä, TOPH taslamasynyň işi boýunça dürli kynçylyklar bar. ...gaz geçirijiniň geçmeli ýerlerini kanunlaşdyrmak meselesi düýbünden çözülmändir, onuň üçin ýeterlik wagt gerek bolar. Şol esasda owgan topragynda TOPH proýektiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlamak mümkin bolmaz” diýip, ýurduň tebigy resurslara gözegçilik edýän edarasynyň jogapkär wekili Ynrahym Japary Azatlyk Radiosyna aýtdy
Mundan başga, soňky aýlarda Owganystanda, şol sanda demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlary hem çylşyrymlaşýar. Azatlygyň Kabuldaky habaçysy Şaýmerdanguly Myrady türkmen ministriniň owgan prezidenti bilen serhet boýundaky ýagdaýlar hakynda gürrüň edendigini habar berýär.
R.Meredowyň owgan prezidenti bilen geçiren duşuşygy hakynda türkmen mediasynda, DIM-niň saýtynda hem habar berilmedi.