Koronawirus Hytaýyň ähli sebitine ýaýrady, ol sebäpli 170 adam öldi

Hubeý welaýatynyň merkezi Wuhan şäheri. 28-nji ýanwar, 2020 ý.

Dünýäniň ençeme ýurdy, howply wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Hytaýyň Wuhan şäherinden ewakuasiýa edilen ýüzlerçe raýatyny izolirläp başlady. Hytaýda bu wirus sebäpli 170 adam öldi.

30-njy ýanwardaky maglumatlara laýyklykda, wirus Hytaýyň ähli sebitine, şol sanda Tibete hem ýaýrapdyr.

Başga-da iň azyndan 16 ýurtda bu wirusa ýoluganlaryň üsti açyldy.

Hytaýyň saglyk resmileri bu wirus bilen kesellän 7 müň 700 ýagdaýyň tassyklanandygyny aýtdylar.

Wirusyň geçen aý Hubeý welaýatynyň merkezi Wuhan şäherindäki diri jandarlaryň bazaryndan ýaýrap başlandygy çaklanylýar.

60 million ilatly Hubeý şäheriniň daşy gabawa alyndy.

Awstraliýa, Günorta Koreýa, Singapur we Täze Zelandiýa özleriniň ewakuasiýa edilen raýatlaryny azyndan iki hepde karantinde saklamak kararyna geldiler. ABŞ we Ýaponiýa raýatlaryny, meýletin ýagdaýda, has gysga möhlete izolirlemegi göz öňünde tutýar.