Hytaýda täze howply wirusa ýolugan 5 müň 974 adamyň üsti açylyp, olaryň arasyndan, 28-nji ýanwardaky maglumatlara laýyklykda, 132-si öldi. Bu barada hytaý resmileri maglumat berýärler.
Wirus bilen keselländigi öýdülýän başga-da 9 müň 239 adama gözegçilik edilýär diýip, Milli Saglyk Komissiýasy 29-njy ýanwarda aýtdy.
Şeýle-de Hytaýyň daşynda, şol sanda Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýa sebitinde bu wirusa duçar bolan ýagdaýlaryň üsti açyldy.
Bu wirusa ýokuşanlaryň sany, 2002-2003-nji ýyllar aralygynda 600 adamyň ölümine getiren, beýleki raspirator SARS wirusyna duçar bolanlaryňkydan hem aşdy.
Bu täze koronawirus adamlarda gyzdyrma, üsgürme we demgysma ýaly nogsanlyklary döredýär.
Wirus barada ilki dekabrda habar çykdy. Onuň ýaýrap başlandygy çaklanylýan Hubei welaýatynyň 17 şäherinde giriş-çykyş çäklendirildi.
Welaýatyň merkezi Wuhan şäherinden ýüzlerçe daşary ýurtly ewakuasiýa edildi.