Aşgabadyň medisina edaralarynda lukmanlara iş wagtynda mobil telefonlaryny ulanmak gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, täze talap bilen baglanyşykly çärä laýyklykda, medisina işgärleri mobil telefonlaryny öýünde goýup gaýtmaly, eger işe getirseler, ony iş wagtynda baş lukmana tabşyrmaly.
– Lukmanlara iş wagtynda mobil telefonlary ulanmak gadagan edildi. Olara telefonlaryny öýlerinde goýup gaýtmak maslahat berilýär ýa-da iş wagtynda ony baş lukmana tabşyrmak talap edilýär – diýip, 27-nji ýanwarda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.
Mundan öň mobil telefonlary ýurduň okuw jaýlarynda ulanmaga gadaganlyk girizilipdi. Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda mobil telefonlary ulanmak gadagançylyky ilki Aşgabadyň mekdeplerinde girizildi, soňra bu gadagançylyk Balkan, Lebap hem Daşoguz welaýatlarynyň mekdeplerine-de girizildi.
Degişli maglumat Balkanly, daşoguzly we lebaply ene-atalara okuwçylaryň mobil telefonlary mekdebe getirmeginiň berk gadagandygy duýduryldyMobil telefonlara garşy girizilen gadagançylyk ilki ene-atalar ýygnagynda mälim edildi, gadagançylygyň sebäbini okuwçylaryň terbiýesine telefonyň ýaramaz täsir edýändigi bilen düşündirdiler.
"Klas ýolbaşçylary mobil telefonlary mekdep jaýlaryna getirmäge hem ony ulanmaga ýurt boýunça gadagançylyk girizilendigini mälim etdiler. Onuň nähili kanundygyny welin düşündirmediler, ol kanunyň nusgasyny-da görkezmediler. Şonuň bilen birlikde, olar çagalaryň terbiýesine ýaramaz täsir edýändigi barada, dürli mysallary getirýärler" diýip, 15-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy aýtdy.
14-nji ýanwarda bolsa Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem paýtagtdaky mekdeplerde telefon ulanmaga gadaganlygyň girizilendigini, munuň diňe okuwçylara däl, eýsem mugallymlara-da degişlidigini aýdypdy.
Degişli maglumat Aşgabatda okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefonlary çykan mugallymlar meýletin-mejbury işden çykaryldyMobil telefonlary mugallymlara, indi bolsa lukmanlara-da ulanmagyň näme üçin gadagan edilýändigi nämälim bolmagynda galýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan nähilidir maglumat almak, Azatlyk Radiosyna başartmady.
Bilim hem saglyk pudagynda mobil gurluşly enjamlary ulanmaga girizilýän gadagançylyk hökümetleriň internete hem informasiýa serişdelerine kontrollygy güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.
"Aragatnaşyk serişdelerini ulanmaga girizilýän gadagançylyklar ähli ugurlarda bar. Eger sen nirededir bir ýerde eliňe telefon alsaň, derrew ýanyňa gelip: 'Nämäniň suratyny aljak bolýaň?' diýip, eliňdäki telefonda näme bardygyny görkezmegiňi talap edýärler. Mundan daşary-da, ähli döwlet edaralarynda gullukçylara mobil telefonlary ulanmagyň gadagandygyny aýdýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.
Mundan öň Türkmenistanyň raýatlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde; seýilgählerde hem köçelerde, bazarlarda, söwda dükanlarynda, aeroportda surat alanyny ýa-da wideo düşürenini görseler, olary saklaýardylar.
Degişli maglumat Daşoguzda okuwçylardan pornografik maglumatlar gözlenýärBirnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň mekdeplerinde hem okuw jaýlarynda, mobil gurluşly enjamlary ulanmaklyga ençeme gezek çäklendirme girizildi. Mundan daşary-da, mekdep ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan, okuwçylaryň mobil telefonlary yzygiderli barlagdan geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.