Türk ýer yranmasynda ölenleriň sany 31-e ýetdi, Erdogan ters 'propaganda’ garşy duýduryş berýär

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 25-nji ýanwarda ýer yranmasynda ölen eneli-ogly jaýlaşmaga gatnaşdy.

Türk häkimiýetleri güýçli ýer titremesinde ölenleriň sanynyň 31 adama ýetendigini aýtdylar, prezident adamlary ýurt bu hili hadysa taýýar däldi diýýänleriň islendik “propagandasyna” baş galdyrmazlyga çagyrdy.

Halas ediş işgärleri 26-njy ýanwar güni irden hem ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galan adamlary gözlemek işlerini dowam etdirdiler.

Häkimiýetler 24-nji ýanwarda Rihter ölçegleri boýunça 6,5 – 6,8 kuwwatlygynda bolan sarsgyn netijesinde 1243 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Ýer yranmasynyň ojagy Elazig welaýatynyň Siwriçe şäheriniň golaýynda diýlip kesgitlendi.

Içeri işler ministri Suleýman Soýlu telewideniýede görkezilen metbugat ýygnagynda Elazig welaýatynda 18 adamyň, goňşulykdaky Malatýada dört adamyň ölendigini aýtdy.

Milli adatdan daşary ýagdaýlar gullugy biraz soň ölenleriň sanynyň köpräk bolandygyny aýtdy. Saglyk ministri Fahrettin Koça ýaralylaryň 34-siniň ýörite bejeriş alýandygyny, ýöne agyr ýagdaýda däldigini aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 25-nji ýanwarda ýer yranmasynda ölen eneli-ogly jaýlaşmaga gatnaşdy.

Ol adamlara ýurt ýer yranmalaryna taýýar däldi diýip, ters gürrüňleri gaýtalamazlyk hakynda duýduryş berdi.