Lebapda häkimiýetler täze daýhan hojalyklary döretmek üçin kärendeçiler bilen duşuşýar, daýhanlar 'aladaly'

Illýustrasiýa suraty. Serdarabat etrabynda bir ekerançylyk ýeri.

Lebapda häkimiýet wekilleri täze daýhan hojalyklary döretmek boýunça ýerli kärendeçiler bilen duşuşyk geçirip başlady. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy maglumat berýär.

“Geçen şenbe güni (18-nji ýanwarda) Hojambazyň Gultak, Bekewül hem-de Abdal daýhan birleşiklerinde etrap häkiminiň oba hojalyk orunbasary kärendeçiler bilen daýhan hojalyklary döretmek hakynda ýygnak geçirdi” diýip, habarçy aýtdy.

Maglumata görä, emeldarlaryň daýhan hojalyk döredip biljek adamlara bir teklibi bar. Olar daýhanlara köp gektarlyk ýer teklip edýär. Ýöne bu teklibiň yzy bar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler 50 – 150 gektar aralygynda ýere gözegçiligiň hötdesinden gelip biljek daýhanlary gözleýär.

“Şunça gektar ýeri başaryp bilýän daýhanlary tapyp, olara ýerleri bermek hakda ýygnaklarda aýdyldy” diýip, habarçy belledi.

Ol häkimiýetleriň daýhanlara edýän teklibi boýunça ençeme kärendeçi bilen gürrüňdeş boldy:

Degişli maglumat Häkimiýetler Görogly etrabynda kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, olary “baýlara” berip başlady

“Lebapda bu teklibe razy boljak adam ýokdur. Sebäbi häzirki şertlerde köp gektarlyk ýer alan daýhan hojalyklary ýa-da ferma başlyklary uzagy bilen 1 ýylda döwlete bergidar çykar. Bu hemmä mälim” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde gürrüňdeş bolan lebaply bir kärendeçi öz pikirini aýtdy.

Habarçynyň käbir gürrüňdeşleriniň sözlerine görä, olar döwletiň köp gektar ýer alan hojalyklara berjek karzyna şübheli garaýar:

“Döwlet köp gektar ýer alan daýhana onlarça müň dollarlyk “John Deere” ýa-da “Case” kysymly traktorlary karzyna berip, daýhanyň ýetişdiren pagtasyny tonnasyny 50 dollardan satyn alar, ony bir ömür bergidar eder” diýip, habarçynyň beýleki bir anonim söhbetdeşi öz şahsy pikirini beýan etdi.

Türkmenistanda daýhanlar döwletden alan kärende ýerlerinde tabşyryk boýunça ekin ekip, onuň hasylyny döwlete satýar. Bu şertnama esasynda döwlet daýhany tehnika, dökün we suw bilen üpjün etmegi boýun alýar. Muňa jogap edip, daýhan şertnamada görkezilen ekini, köplenç halatda bugdaýy ýa-da pagtany döwlete satýar. Soňky iki ýylda Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme kärendeçi tehnika, dökün we suw üpjünçiliginiň ýaramazlygyndan has köp şikaýat edip başlady.

Degişli maglumat Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy

Soňky maglumatlara görä, ýurtda häkimiýetler köp gektarlyk ýerleri gurply hojalyklara tabşyryp, daýhan hojalyklary döretmegiň üstünde işleýär.

Türkmenistanda 2013-nji ýylda “Daýhan hojalygy” hakynda kanun kabul edildi. Onuň kesgitlemesine görä “daýhan hojalygy - oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasydyr”. Ony döreden är-aýallar, olaryň çagalary, ene-atalary we beýleki ýakyn dogan-garyndaşlary daýhan hojalygyň agzalary bolup bilýär. Daýhan hojalyklary zähmet şertnamasy esasynda iş orunlaryny hödürleýär. Olarda zähmet şertnamasy esasynda işleýän adamlar daýhan hojalyklaryň agzalygyna kabul edilmeýär. Daýhan hojalyklaryň girdejileri olaryň öz eýeçiligine degişli bolup durýar.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ýiti azyk haryt gytçylygyny başdan geçiren Türkmenistanda häkimiýetler, synçylaryň aýtmagyna görä, köp ýyllyklaryň dowamynda gaýtalap gelýän oba hojalyk reformalaryny has-da güýçlendirýärler.

Soňky üýtgetmeler 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk maslahatynda ýurduň oba hojalyk pudagyny özgertmek barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleriniň yzýany durmuşa geçirilip başlandy.

Degişli maglumat Obasenagat toplumyny özgertmek teklip edilýär, eýsem, bu 'özgerişler' daýhanlara nähili täsir eder?

Ýatlasak, şonda prezident beýleki birnäçe oba hojalyk teklipleri bilen bir hatarda “düşewüntsiz” daýhan birleşikleriň ýerlerini ellerinden alyp, olary has girdejili işlejek önüm öndürijilere 99 ýyl möhlete bermek boýunça teklip hödürläpdi.

Lebapda häkimiýetleriň köp gektarlyk ýerleri önüm öndürijilere teklip etmegi bir hepde mundan ozal, Daşogzuň Görogly etrabynda kärendeçi daýhanlaryň ýerleriniň ellerinden alnyp, olaryň “gurply hojalyklara” paýlanmagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Lebaply habarçynyň soňky maglumatlaryna görä, welaýatyň obalarynda oba hojalyk pudagynda işleýän adamlaryň sany barha azalýar. Şol bir wagtyň özünde, Lebabyň öňden gelýän kärendeçi daýhanlary ýerleriň arryklamagyna, olaryň sandan çykmagyna aladaly garaýar. “Häkimiýetler daýhan hojalyk döredip, mesele çözüler öýdýärler” diýip, ata-baba daýhançylyk bilen meşgullanan lebaply bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.