Demirgazyk Owganystan: Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi

Demirgazyk Owganystanda durmuş-ykdysady şertleriň agyrlygy sebäpli mazarystanda ýaşamaga mejbur bolan bir etniki türkmen maşgalasynyň jaý ýeri.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Owganystanyň Balh welaýatyndan Mazaryşerif şäherine gaçyp baryp, durmuş-ykdysady şertleriň agyrlygy sebäpli mazarystanda ýaşamaga mejbur bolan bir etniki türkmen maşgalasynyň Azatlykda çap edilen wideosy barada gürrüň edilýär.

15-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy Owganystandaky etniki bir türkmen maşgalasynyň duçar bolan ýagdaýlaryny açyp görkezýän wideo çap etdi. Ondan mälim bolşuna görä, owganystanly türkmen Sapargül Balh welaýatynyň Kelder etrabyndan, maşgalasyndaky zorluk we basyş sebäpli, öýüni terk edip Mazar-y-Şerif şäherine geldi. Emma, dört ýaşly gyzyň enesi bir ýylyň dowamynda ýat şäherde ne iş, ne-de jaý tapyp bildi. Mundan soňra, ol alaçsyzlykdan mazaryndaky guburlaryň içine girip ýaşamaga mejbur galdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi

Wideonyň çap edilmeginiň yzýany türkmen maşgalasynyň kynçylyklary sähel hem bolsa egsildi. Oňa kömek edildi, ýerli etniki türkmenler maşgala duýgudaşlyk bildirdi. Bu maşgalanyň duçar bolan kynçylyklary we wideony düşürmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada onuň awtory, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Dünýä Türkmenleri gepleşigine giňişleýin gürrüň berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Demirgazyk Owganystan: Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi