ABŞ Eýranyň 8-nji ýanwarda eden hüjüminden soň ABŞ-nyň 11 harbysynyň bejergi alandygyny aýdýar

Aýn al-Asad howa bazasynyň raketa sarbasyndan soňky görnüşi

ABŞ-nyň harbylary Eýranyň 8-nji ýanwarda Yrakdaky amerikan bazasyna eden hüjüminden soň ABŞ-nyň 11 harby gullukçysynyň beýni sarsmasy alamatlary sebäpli bejergi alandygyny aýdýar. Ýogsa prezident Donald Tramp biraz öň bu hadysada “hiç bir amerikala zeper ýetmändigini” aýdypdy.

"Eýranyň 8-nji ýanwarda Al-Asad howa bazasyna eden hüjüminde ABŞ-nyň harby gullukçylarynyň hiç biri ölmedi, ýöne birnäçe adam beýni sarsgyny alamatlary esasynda bejergi aldy we olara şindi hem esewan edilýär” diýip, ABŞ-myň Merkezi komandasynyň sözçüsi, kapitan Bill Urban 16-njy ýanwarda giçlik eden beýanatynda aýtdy.

Tramp bu hadysanyň yzysüre, Tähran ABŞ-nyň Yrakda ýerleşýän howa bazalaryna ballistik raketa hüjümini edeninden soň, Eýran “yza tesene meňzeýär” diýdi

Tramp 8-nji ýanwarda halka eden ýüzlenmesinde bu zarbalarda “Amerikan we yrak adamy ýitirilmedi” diýdi we “hiç bir amerikana zeper ýetmändigini”, howa bazalaryna “diňe minimal zyýanyň ýetendigini” sözüne goşdy.