Lebapda we Balkanda manadyň hümmedi peselýär, Marynyň polisiýasy walýutanyň gara bazarynda reýd geçirýär

Illýustrasiýa suraty. Mary. Gündelik durmuşdan bir pursat.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurduň gündogarynda we günbatarynda dollaryň gara bazardaky bahasy gymmatlady. Maryda polisiýa gara bazarda reýd geçirdi, birnäçe raýady saklady. Bular barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary 15-nji ýanwarda habar berdi.

“14-nji we 15-nji ýanwarlarda Türkmenabadyň bazarlarynda 1 dollar 20 manatdan satyn alnyp başlandy. Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde 19 manat 80 teňňeden satyn alynýar. Soňky ençeme aý bäri 1 dollar 19 manat töwereklerinde saklanýardy” diýip, habarçy aýtdy.

Gara bazarda dollaryň gymmadynyň ýokarlanmagy, bazarlarda harytlaryň bahalaryna täsir edýär.

Habarçy täze bahalar bilen bagly ençeme lebaply bilen gürrüňdeş boldy:

“Manadyň hümmediniň ýene-de peselmegi ýerli ýönekeý adamlaryň gündelik zerur harytlary satyn almakda çekýän kynçylyklary barada şikaýat etmeklerine alyp geldi” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy Mary şäherinde polisiýa işgärleriniň gara bazarda dollar söwdasy bilen meşgullanýan raýatlary saklaýandygyny habar berýär.

Degişli maglumat Güýç edaralary Lebapda ‘özleriniň hemaýatyndaky’ puluň gara bazaryna garşy ‘göreşýär’

“Mary şäheriniň Gurbansoltan köçesiniň ugrundaky “Merw bazarynyň” golaýynda walýuta söwdasyny edýän raýatlar polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edilýär. Şu gün (15-nji ýanwarda) polisiýa işgärleri gara bazarda walýuta söwdasyny edýän raýatlara garşy çäre geçirdi. Dollar satýan we satyn alýan raýatlar saklandy. Olar Mary şäher polisiýa müdirligine äkidildi” diýip, habarçy Marydan habar berdi.

Dollaryň bikanun söwdasy bilen baglylykda “Gurbansoltan köçesinden 5 adam, Wokzalyň golaýyndan 2 adam, 'Gök bazaryň' ýanyndan 4 adam, Läle bazardan 3 adam saklanypdyr” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, saklanan raýatlardan mundan beýläk gara bazarda dollar alşyp çalyşmajakdyklary barada dil hat alyndy, ondan soň Mary şäher Döwlet salgyt gullugy saklananlara jerime saldy.

Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt puluny bikanun satýan ýa-da satyn alýan adam kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan ele salynsa, onuň çalyşýan puly muzdsuz döwletiň haýryna geçirilýär hem-de oňa 1500 – 2500 manat aralygynda jerime töledilýär. Bu etmiş 1 ýylyň dowamynda gaýtalanan halatynda jerimäniň möçberi 2500 – 5000 manada çenli göterilýär.

Maryly habarçynyň sözlerine görä, polisiýanyň gara bazarda geçiren reýdinde häkimiýetlerden gaçmagy başaran raýatlar golaýdaky dükanlarda we kafelerde gizlendiler. “Olar polisiýa işgärleri gidýänçä ýola çykmadylar” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Mary: 'Gara bazarda' dollar söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy gözegçilik güýçlendi

Onuň maglumatlaryna görä, adamlar Maryda dollar çalyşmak üçin welaýatyň dürli künjünden welaýatyň merkezine barýar. “Emma dollar çalyşýan adamlar gaçyp, gizlenip, tussag edilip ýörensoň, olar dollarlaryny çalşyp bilmän yzlaryna gidýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Maryda daşary ýurtlarda işleýän adamlaryň Türkmenistandaky hossarlarynyň olaryň ugradan dollarlaryny manada öwürmekde kösenýändiklerini aýtdy. “Gara bazarda çalyşmasalar banklarda juda arzan” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Türkmenistanyň Merkezi Banky dollaryň resmi kursuny 3,5 manatlygynda saklaýar.

Mundan ozal, polisiýa işgärleri Lebap welaýatynda hem walýutanyň gara bazarynda reýd geçiripdi.

“Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Kerki we Hojambaz etraplarynda häkimiýetler gara bazardaky walýuta söwdasyna garşy göreşe girişdi” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 24-nji dekabrda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.