Gurluşyklar dowam edýär, gurmak bäsleşiginde ýene prezidentiň ýakynlary 'utdy'

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow ýol gurluşygyna badalga berýär. TDH-nyň arhiwinden alnan surat.

Türkmenistanyň oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň köpüsiniň onlarça ýyllap idegsiz galýan wagtynda, paýtagt Aşgabatda ýene bir ýerasty awtoulag ötügi, dört sany ýerasty pyýada geçelgesi we bezeg sütüni gurulýar.

Birden peýda bolan täze gurluşyk planlary bilen baglylykda şäheriň jemgyýetçilikt transportynyň gatnaw ugurlaryna uly üýgteşemeler girizildi we Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýaşaýjy “adamlaryň häkimiýetleriň döredýän artykmaç oňaýsyzlyklaryndan halys ýadandyklaryny” aýtdy.

Ozal Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrunda hem ona golýa aýlawly çatryk we “şäheri gözelleşdirjek” 9 heýkel bina edilip, köp oňaýsyzlyk döredildi” diýip, ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet baştutanynyň 10-njy ýanwarda gol çeken kararyna laýyklykda, bu işler paýtagtyň awtomobil ýol ulgamlaryny “ösdürmek we binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek” maksady bilen amala aşyrylýar.

Şeýle-de taslamanyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna “ýokary derejede taýýarlyk görmegiň” çäginde amala aşyryljakdygy habar berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy ýanwarda şäher häkimi Şamuhammet Durdyluýewe S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda guruljak ýerasty ulag we pyýada geçelgesiniň ýokarsynda bina ediljek aýlawly çatryga hem-de bezeg sütünine “uly üns berilmelidigini” aýtdy. Ýönebu “bezeg sütüniniň” detallary belli däl.

Degişli maglumat Aşgabatda ýene güýçli ýagyş ýagdy; şäher edaralarynyň işgärleri gije sagat 3-e çenli köçeleri arassalady


Täze ötükleri we aýlawly çatrygy sentýabr aýyna çenli taýýar etmek “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň paýyna düşdi. Ýöne bu gurluşyklaryň awtoulag ýüki beýle agyr bolmadyk şäheriň ýollary üçin näderejede zerurdygy düşündirilmedi, täze guruljak desgalaryň, olaryň töweregindäki ýerleri abadanlaşdyrmagyň şäher gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi hem anyk bolman galýar.

Şonuň bilen bir wagtda,döwlet baştutanynyň 6-njy ýanwardatender yglan etmek barada beren tabşyrygyndan 4 gün soň ol desgalary gurjak kärhananyň yglan edilmegi hem sorag döretdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň ozal garaşsyz mediada çykan maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, haçan we nähili ýagdaýda geçirilendigi mälim bolmadyk tenderde utuş gazanan kärhananyň başlygy prezidentiň ozal hem ençeme gurluşyk desgasy ynanylan giýewisi bolup çykdy.

“Turkmen.news” “Nusaý ýollary” kärhanasynyň Türkmenabatda, “Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda hem iki sany ýaşaýyş jaý toplumyny gurýandygyny habar berýär.

TDN-nyň bellemegine görä, täze geçelge, prezidentiň tabşyrygyna görä, “bellenilen wagtynda hem-de dünýädäki iň kämil gazanylanlar esasynda gurlar”.

“Turkmen.news” geçen ýyl “Nusaý ýollary” firmasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň aýal dogany Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebowa degişlidigini habar berdi.

Bu firma 2019-njy ýylda Aşgabatdan Türkmenabada çekiljek ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dört portratçysynyň biri boldy. Has anygy, garaşsyz neşir bu taslama üçin ýapyk görnüşli “Türkmen Awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigini, oňa “Altyn nesil”, “Oguz ýol”, “Hyzmat merkezi” hojalyk jemgyýetleriniň we “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň girýändigini habar berdi.

Resmi Aşgabat bu maglumatlary şondan bäri geçen wagtda ne tassyklady, ne-de ret etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow laýyk bir ýyl ozal, geçen ýylyň 11-nji ýanwarynda “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine, buýrujy we baş potratçy hökmünde, "Aşgabat-Türkmenabat" ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak ygtyýaryny berýän karara gol çekdi.

"Aşgabat-Türkmenabat" ýolunyň gurluşygyny 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we üç tapgyrda tamamlamak bellenildi. Ýoluň Aşgabat-Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda; Tejen-Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda; Mary-Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilmeli diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Umumy uzynlygy 600 kilometre uzajak “awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly, iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar” diýip, resmi habarda aýdyldy.

"Aşgabat-Türkmenabat" ýoly derýalaryň we demir ýollaryň üstünden geçýän köprüleriň 8-sini, awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-sini, ýerasty geçelgeleriň 76-synyň gurluşygyny öz içine alýar.

Ahal welaýatynyň häkiminiň şol wagtky orunbasary, şindiki häkimi Serdar Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda bu ýoluň gurluşygyna badalga berdi.

Degişli maglumat Kanunlar we resmileriň daşary ýurt kompaniýalary bilen oňuşmazlyklarynyň açylmaýan syry


Emma onuň gurluşyk işleriniň, şeýle-de türk firmasy “Polimeks” tarapyndan taşlanyp gidilen “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýolunyň gurluşygynyň nähili ýagdaýda durandygy belli däl. Ýogsa Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň aprelinde “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurluşyk işleriniň "öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny" nygtapdy.

Mundan başga, Türkmenistan geçen ýylyň aprelinde ýene bir uly gurluşyk planyny, Garabogaz kölüniň üstünden täze awtomobil köprüsini gurjagyny yglan etdi.

Resmi habara görä, Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli guruljak ýoluň uzynlygy 225 kilometr, ini 22,5 metr bolmaly. Bu ýol bilen baglylykda, Garabogaz aýlagynyň üstünden ini 21 metr, uzynlygy 354 metr bolan täze awtomobil köprüsini gurmak hem teklip edildi.

Döwlet baştutanynyň 2019-njy ýylyň jemlerini jemlände aýtmagyna görä, ýurtda umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedow regionlardaky ýollaryň ýagdaýyna nägilelik bildirdi


Emma muňa garamazdan, anonimlik şertinde pikirini aýdan ýerli synçylar, şol sanda ozalky türkmen ilçisi Nurmuhammmet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Berdimuhamedowyň “bor-bolgusyz” we ummasyz uly harajatly gurluşyklary togtadyp, adamlaryň sosial goragyna, obalardaky ýollaryň we köprüleriň abatlanmagyna “gyssagly üns bermelidigini” aýdýarlar.